Konstitusion özgertmeler ösüşleriň binýady

Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm wakanyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň bolup geçendigini belledi, onda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi, Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada başlangyç öňe sürüldi.

Amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksadynyň jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Bu ugurda biziň öňümizde örän möhüm we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny, şol wezipeleriň bolsa, döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin zerurdygyny öň hem belläp geçdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topary döredildi, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda onuň birinji mejlisi geçirildi.

Şondan bäri Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Onuň birinji mejlisinde Toparyň iş meýilnamasy tassyklanyp, agzalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy. Şeýle hem guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi. Şonuň ýaly-da, Toparyň meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi we alnyp barlan işlere seljerme geçirilip, taýýarlanylan taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Halkymyzdan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan hem-de ýerli edara-guramalardan gelýän köpsanly teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş topary hem anyk işleri durmuşa geçirdi diýip, hormatly Prezidentimiz belledi.

Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion Kanunyň deslapky taslamasy taýýarlananda Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işledi. Ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, häkimiýetiň ýerli edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri kabul etmek, seljermek we umumylaşdyrmak işini sazlaşykly alyp bardy.

Döwlet Baştutanymyz bu işleriň Mejlisiň deputatlaryndan, degişli ministrliklerden, pudak we ylmy edaralardan, okuw mekdeplerinden, syýasy partiýalardan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen geçirilendigini belledi.

Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion Kanunyň taslamasy taýýarlanyldy. Biz bu barada Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde jikme-jik durup geçdik diýip, milli Liderimiz belledi. Halkymyzy doly habarly etmek maksady bilen, toparyň alyp baran işleriniň netijesinde taýýarlanylan taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Geçirilen şol işleri nazara alyp, şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion Kanunyň deslapky taslamasy bilen bagly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu taslama öňümizde durýan wezipeler esasynda hem-de gelen teklipleri hasaba almak bilen işlenip taýýarlanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowa söz berdi. Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan çykyş eden TDP-niň ýolbaşçysy ýaşulularyň, ýaşlaryň, intelligensiýanyň wekilleriniň, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Arkadag Prezidentimiziň yglan eden täze syýasy-hukuk özgertmelerini, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen, durmuşa geçirýän ösüş maksatnamalaryny tüýs ýürekden goldaýandyklaryny nygtady.

TDP-niň başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly jemleýji tapgyrda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzda hem-de halkara derejesinde uly gyzyklanma döredýär.

Soňra çykyş eden adalat ministri B.Muhamedow hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösýändigini, halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen döwlet gurluşynyň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi.

Hukuk özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Konstitusion toparyň mejlislerinde milli Liderimiz tarapyndan degişli işleriň toplumy anyk kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Adalat ministrligi Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen Iş toparynyň garamagyna milli we dünýä tejribesini öwrenmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary esasynda taýýarlanylan teklipleri hödürledi.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi.Ol milli Liderimiziň parasatly baştutanlygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerine galýandygyny belledi.Mejlisiň Başlygynyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek üçin döwlet Baştutanymyzyň ähli mümkinçilikleri döredip bermegi bilen halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan Konstitusion Kanunyň taslamasy bilen Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen öňe süren başlangyjynyň halkymyzyň arasynda giň seslenme döredendigi, özgertmelere ilatyň uly gyzyklanma bilen işjeň gatnaşandygy hem-de doly goldawa eýe bolýandygy ýene-de bir gezek nygtaldy.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlary jemläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion Kanunyň taslamasynyň halkymyzda uly gyzyklanma döredendigini belledi.

Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň Parlamentini Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap, müňlerçe raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler hem-de öz tekliplerini berdiler. Döwlet Baştutanymyz milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibiň hem giň goldawa eýe bolandygyny belledi.

Konstitusion Kanunyň taslamasynyň 78-nji maddasynda Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýan sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär diýip, has anyk beýan etmek teklip edildi diýip, döwlet Baştutanymyz bu teklibiň maksadalaýykdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, bu Kanunyň taslamasynda beýan edilen, şol bir adamyň bir wagtda milli Parlamentiň iki palatasyna-da saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadanyň hem mähriban halkymyzyň doly goldawyna mynasyp bolandygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz nygtady.

Konstitusion Kanunyň taslamasynda beýan edilen, Milli Geňeşiň palatalarynyň mejlislerini geçirmegiň, olaryň ygtyýarlyklaryna degişli meseleleriň anyk kadalaryny hem goldap, müňlerçe teklipler geldi. Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek, ygtyýarlyklaryny doly aýdyňlaşdyrmak boýunça hem teklipler az bolmady. Şol teklipler esasynda iki belgili segseninji maddada beýan edilýän Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň sanawyna Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär; diýen dördünji bendi goşup, muny Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynda berkitmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu teklipleriň hem kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hukugyny bolsa, Türkmenistanyň Prezidentine bermek teklip edilýär diýip, milli Liderimiz bu düzgünleriň Konstitusion Kanunyň VI böleginde beýan edilmeginiň dogry boljakdygyny belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bir belgili segsen üçünji maddada gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň Kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar. diýlip beýan edilse, ýerlikli bolar hem-de bu meseläni has aýdyňlaşdyrar diýip, milli Liderimiz belledi.

Konstitusion toparyň şu günki mejlisinde döwletimiziň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barlan işler baradaky maglumatlar we hasabatlar diňlenildi.

Milli Liderimiz wideomaslahatyň ahyrynda Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakyndaky Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.

Ýene degişli makalalar

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi
Parahatçylygyň ýaş çaparlary akyl-paýhas bäsleşiginiň II möwsüminiň I saýlama tapgyrynyň II oýny geçirildi
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Bilelikdäki türkmen-täjik hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
OGT 2022: 2-nji gün — Gaz himiýasy, wodorod ýangyjy we arassa energiýa
Türkmenistanda dolandyryş-çäk gurluşyna üýtgeşmeler giriziler, Aşgabatda halkara nebitgaz forumy geçiriler, Hazara gülgüne flamingolar gyşlamak üçin uçup geldiler
Türkmenistanyň oba ýerlerinde 415,8 müň inedördül metr ýaşaýyş jaýlary guruldy