Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow wideomaslahat görnüşinde Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion toparyň mejlisini geçirdi. Bu topar döwlet Baştutanymyzyň geçen ýylyň sentýabr aýynda gol çeken Permanyna laýyklykda döredildi.

Milli Liderimiz mejlisi açyp hem-de Konstitusion toparyň agzalaryna ýüzlenip, 2019-njy ýylyň 25-nji sentýabrynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň durmuşynda aýratyn möhüm wakanyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň taryhy mejlisiniň bolup geçendigini belledi, onda ýurdumyzda konstitusion özgertmeleriň täze tapgyryna badalga berildi, Garaşsyz Watanymyzyň Esasy Kanunyny kämilleşdirmek barada başlangyç öňe sürüldi.

Amala aşyrýan özgertmelerimiziň baş maksady jemgyýetimiziň we döwletimiziň iň ýokary gymmatlygy bolan adama, onuň bähbitlerine hyzmat etjek häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň, ýagny Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň işini kämilleşdirmekden hem-de kanun çykaryjylyk işini amala aşyrýan edaralaryň iki palataly gurluşyny döretmekden, demokratik institutlaryň işini has ýokary derejelere çykarmakdan ybaratdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Bu ugurda biziň öňümizde örän möhüm we jogapkärli wezipeleriň durýandygyny, şol wezipeleriň bolsa döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak üçin zerurdygyny öň hem belläp geçdik diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek bilen bagly teklipleri işläp taýýarlamak hem-de umumylaşdyrmak boýunça Konstitusion topar döredildi, geçen ýylyň 4-nji oktýabrynda onuň birinji mejlisi geçirildi.

Şondan bäri Konstitusion toparyň üç mejlisi geçirildi diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Onuň birinji mejlisinde toparyň iş meýilnamasy tassyklanyp, agzalarynyň öňünde anyk wezipeler goýuldy. Şeýle hem guramaçylyk meseleleri kesgitlenildi. Şonuň ýaly-da, toparyň meýilnamasy boýunça ýerine ýetirilen işler barada hasabatlar diňlenildi we alnyp barlan işlere seljerme geçirilip, taýýarlanylan taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Halkymyzdan, syýasy partiýalardan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, dürli pudaklaýyn dolandyryş edaralaryndan hem-de ýerli edara-guramalardan gelýän köp sanly teklipleri öwrenmek, seljermek we umumylaşdyrmak boýunça Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş topary hem anyk işleri durmuşa geçirdi diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Türkmenistanyň Mejlisi ýurdumyzyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň deslapky taslamasy taýýarlananda Ministrler Kabineti, degişli ministrlikler we pudak edaralary bilen ysnyşykly işledi. Ýurdumyzyň raýatlaryndan, syýasy partiýalaryndan we jemgyýetçilik birleşiklerinden, häkimiýetiň ýerli edaralaryndan gelip gowuşýan teklipleri kabul etmek, seljermek we umumylaşdyrmak işini sazlaşykly alyp bardy.

Döwlet Baştutanymyz bu işleriň Mejlisiň deputatlaryndan, degişli ministrliklerden, pudak we ylmy edaralardan, okuw mekdeplerinden, syýasy partiýalardan hem-de jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipleri nazara almak bilen geçirilendigini belledi.

Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň meýilnamasyna laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanyldy. Biz bu barada Konstitusion toparyň üçünji mejlisinde jikme-jik durup geçdik diýip, milli Liderimiz belledi. Halkymyzy doly habarly etmek maksady bilen, toparyň alyp baran işleriniň netijesinde taýýarlanylan taslama köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çap edildi.

Geçirilen şol işleri nazara alyp, şu gün ýurdumyzyň Konstitusiýasyny kämilleşdirmek hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň deslapky taslamasy bilen bagly esasy meseleleri ara alyp maslahatlaşmagy makul bildik diýip, döwlet Baştutanymyz belledi. Bu taslama öňümizde durýan wezipeler esasynda hem-de gelen teklipleri hasaba almak bilen işlenip taýýarlanyldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy A.Serdarowa söz berdi.

Ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan çykyş eden TDP-niň ýolbaşçysy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany ýylynda milli Liderimiziň öňdengörüjilikli, örän oýlanyşykly hem-de çuň paýhasly döwlet syýasatynyň üstünlikli durmuşa geçirilip, eziz Watanymyz Türkmenistanyň ösüşleriň ynamly ýoly bilen belent derejelere ýetendigini buýsanç bilen belledi.

Ýaşulularyň, ýaşlaryň, intelligensiýanyň wekilleriniň, dürli pudaklarda zähmet çekýän ildeşlerimiziň Halk Maslahatynyň ikinji mejlisinde Arkadag Prezidentimiziň yglan eden täze syýasy-hukuk özgertmeleriniň, Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilen, durmuşa geçirýän ösüş maksatnamalaryny tüýs ýürekden goldaýandyklary nygtalyp, döwlet Baştutanymyza çuňňur hoşallyk sözleri beýan edildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalary milli Liderimiziň halkymyzyň we döwletimiziň abadançylygyna gönükdirilen giň gerimli, asylly işleriniň maksatlaryny hem-de wezipelerini düşündirmekde, wagyz-nesihat etmekde işjeň hereket edýärler.

Şunda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan amala aşyrylýan giň gerimli köpugurly özgertmeleriň ýurdumyzda gazanylýan durmuş-ykdysady üstünlikler bilen bir hatarda, öz mähriban Arkadagyna, berkarar döwletine, ajaýyp geljege bolan mizemez ynamyny görkezýän agzybir halkymyz üçin belent buýsanjyň we ruhubelentligiň çeşmesi bolup durýar.

TDP-niň başlygynyň belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek bilen baglanyşykly jemleýji tapgyrda alnyp barylýan özgertmeler ýurdumyzda hem-de halkara derejede uly gyzyklanma döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda degişli işler, köpçülikleýin düşündiriş çäreleri ýaýbaňlandyryldy. Türkmenistanlylar ýurdumyzda demokratiýany çuňlaşdyrmaga, halkymyzyň konstitusion hukuklaryny giňeltmäge, milli kanun çykaryjylyk ulgamyny kämilleşdirmäge gönükdirilen özgertmeleriň ähmiýetine doly düşünmek bilen garaýarlar.

Ýokarda bellenip geçilen çäreleri guramaga we geçirmäge syýasy-jemgyýetçilik guramalary, ýerli häkimiýetiň, medeni-ynsanperwer ulgamyň, hukuk goraýjy edaralaryň wekilleri, deputatlar, giň jemgyýetçilik işjeň gatnaşdy.

Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň taslamasyny ara alnyp maslahatlaşmagyň barşynda raýatlaryň müňlerçesi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň demokratik döwletiň, raýat jemgyýetiniň binýatlaryny berkitmäge gönükdirilen özgertmelere çuňňur buýsançlaryny beýan edip, öz pikirlerini we tekliplerini aýtdylar.

Çykyş edýän ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine eýe bolmagynyň 25 ýyllygy belleniljek şu ýylda amala aşyrylýan konstitusion özgertmeleriň ähmiýeti barada aýdyp, iki palataly Parlamentiň döredilmeginiň Türkmenistanyň demokratik ösüşinde taryhy ädim boljakdygyny we onuň taryhyna altyn harplar bilen ýazyljakdygyny belledi.

TDP-niň başlygy çykyşynyň ahyrynda ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň adyndan milli Liderimize berk jan saglyk we alyp barýan asylly işlerinde täze beýik üstünlikleri arzuw etdi.

Soňra çykyş eden adalat ministri B.Muhamedow hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň okgunly ösýändigini, halkymyzyň abadan we parahat durmuşyny üpjün etmek maksady bilen, döwlet gurluşynyň hukuk esaslarynyň yzygiderli kämilleşdirilýändigini belledi.

Şunda milli gymmatlyklara daýanyp amala aşyrylýan syýasy we durmuş-ykdysady özgertmeleriň hukuk binýadynyň üpjün edilmegine ýardam berýän ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işlerini döwrebaplaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlarynyň ägirt uly ähmiýete eýedigi bellenildi.

Hukuk özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmek üçin Konstitusion toparyň mejlislerinde milli Liderimiz tarapyndan degişli işleriň toplumy anyk kesgitlenildi. Şunuň bilen baglylykda, Adalat ministrligi Türkmenistanyň Mejlisinde döredilen iş toparynyň garamagyna milli we dünýä tejribesini öwrenmek, umumy ykrar edilen halkara hukuk kadalary esasynda taýýarlanylan teklipleri hödürledi.

Iş toparynyň mejlislerinde degişli döwlet edaralarynyň wekilleri bilen bilelikde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygyna laýyklykda, raýatlardan gelip gowşan teklipler içgin öwrenildi. Kanun çykaryjy edaranyň palatalarynyň ygtyýarlyklary, wezipeleri, degişli kadalaryň taslamalary işlenilip taýýarlanyldy. Bellenilişi ýaly, şunda adamyň we raýatyň hukuklarynyň hem-de azatlyklarynyň kepillikleriniň pugtalandyrylmagyna, döwletiň, jemgyýetiň hem-de raýatyň bähbitleriniň deňeçerliginiň saklanmagyna aýratyn üns berildi.

Möhüm özgertmeleriň syýasy-hukuk ähmiýetini ilata düşündirmek, alnyp barylýan işler barada raýatlarymyzy yzygiderli habardar etmek maksady bilen, kärhanalarda, edaralarda, ýokary okuw mekdeplerinde, harby gullukçylaryň arasynda düşündiriş we wagyz-nesihat işleri geçirildi.

Konstitusion özgertmeleriň hukuk binýadyny ulgamlaýyn usulda berkitmek maksady bilen, kanunçylyga üýtgetmeleri we goşmaçalary öz wagtynda girizmek bilen baglanyşykly işleriň çäklerinde Adalat ministrligi tarapyndan hereket edýän hukuk namalaryna toplumlaýyn seljermeler geçirildi hem-de bu işler häzirki wagtda dowam etdirilýär.

Bellenilişi ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýaýbaňlandyrylan toplumlaýyn demokratik özgertmeler Türkmenistanyň mundan beýläk-de okgunly ösüşi hem-de täze belentliklere çykmagy üçin ygtybarly hukuk binýady bolup hyzmat eder.

Çykyşyň ahyrynda Adalat ministrligi tarapyndan döwlet Baştutanymyzyň hukuk özgertmelerini yzygiderli durmuşa geçirmek hem-de milli kanunçylygy kämilleşdirmek boýunça öňde goýan wezipelerini üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalaryň ediljekdigi ynandyryldy.

Soňra Mejlisiň Başlygy G.Mämmedowa söz berildi. Ol milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda demokratik, hukuk we dünýewi döwletimiziň ösüşiň täze belentliklerine galýandygyny belledi. Öz ösüşinde hil taýdan täze derejelere çykýan ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak boýunça döwlet Baştutanymyzyň öňe süren başlangyjy Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimiziň täze taryhyna altyn harplar bilen ýazylar.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça işler döwlet Baştutanymyzyň Konstitusion toparyň birinji mejlisinde tassyklan guramaçylyk işleriniň toplumlaýyn meýilnamasyna laýyklykda alnyp baryldy. Şunda amala aşyrylýan özgertmeleriň taryhy ähmiýetini hem-de Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasynyň many-mazmunyny ilatyň arasynda düşündirmek boýunça zerur işler geçirildi. Ýurdumyzyň ministrliklerinde, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, edara-kärhanalarynda we okuw mekdeplerinde köp sanly wagyz-nesihat ýygnaklary, ylmy-amaly maslahatlar geçirildi.

Köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyşlar hem-de özara pikir alyşmalar guraldy.

2019-njy ýylyň oktýabr aýyndan bäri Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparyna hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň oňyn halkara tejribesine hem-de ata-babalarymyzyň döwleti we jemgyýeti dolandyrmakda toplan tejribesine laýyklykda, taryhy köklerimize daýanyp, öňe süren başlangyçlaryny goldap müňlerçe teklipler gelip gowuşdy.

Şol teklipleriň biri hem ünsden düşürilmän, iş toparynyň yzygiderli geçirilen maslahatlarynda düýpli öwrenildi we ylmy taýdan seljerildi. Şeýle hem onuň ýurdumyzyň welaýatlarynda göçme maslahatlary geçirildi.

Bellenilişi ýaly, ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly halkara tejribäni öwrenmek hem-de Türkmenistanyň Konstitusiýasyna giriziljek üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň türkmen halkynyň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alýan demokratik ýörelgeleri bilen sazlaşygyny emele getirmek iş topary tarapyndan alnyp barlan işleriň özenini düzdi. Şol işler geçirilende, sanly aragatnaşyk ulgamynyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanyldy.

Mejlisiň Başlygynyň habar berşi ýaly, ýurdumyzyň raýatlarynyň pikirini öwrenmek üçin döwlet Baştutanymyzyň ähli mümkinçilikleri döredip bermegi bilen halkymyzyň işjeň gatnaşmagynda taýýarlanylan Konstitusion kanunyň taslamasy bilen Esasy Kanunymyzdan 1 maddany aýyrmak, 3 maddany goşmak we 27 madda degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek teklip edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiziň ýurdumyzyň Parlamentiniň ornuny ýokarlandyrmak we ygtyýarlyklaryny giňeltmek maksady bilen öňe süren başlangyjynyň halkymyzyň arasynda giň seslenme döredendigi, özgertmelere ilatyň uly gyzyklanma bilen işjeň gatnaşandygy hem-de doly goldawa eýe bolýandygy ýene-de bir gezek nygtaldy.

Munuň özi döwlet Baştutanymyzyň türkmen halkynyň asyrlaryň synagyndan geçen adalatlylyk, deňlik, ynsanperwerlik ýörelgelerinden ugur alýan döwlet syýasatynyň netijesinde, agzybir halkymyzyň öz Arkadag Prezidentiniň töweregine has-da mäkäm jebisleşýändigine hem-de ýurdumyzda emele gelen bu bitewüligiň mizemezdigine ýene-de bir subutnama bolmak bilen, Döwlet adam üçindir! diýen ynsanperwer ýörelgäniň dabaralanýandygyna aýdyň şaýatlyk edýär.

Mejlisiň Başlygy ýurdumyzy mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, döwleti dolandyrmagyň demokratik ýörelgelerini kämilleşdirmek bilen bagly Esasy Kanunymyza degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça işleriň guramaçylykly geçirilmegine ähli mümkinçilikleri döredendigi üçin sagbolsun aýdyp, döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa janynyň sag, ömrüniň uzak, mertebesiniň mundan hem belent bolmagyny, ata Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda durmuşa geçirýän beýik işleriniň rowaç almagyny tüýs ýürekden arzuw etdi.

Hormatly Prezidentimiz çykyşlary jemläp, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň taslamasynyň halkymyzda uly gyzyklanma döredendigini belledi.

Konstitusion toparyň ýanynda döredilen iş toparynyň maglumatlaryna görä, ýurdumyzyň Parlamentini Türkmenistanyň Milli Geňeşi diýip atlandyrmak baradaky teklibi goldap, müňlerçe raýatlarymyz maslahatlarda we köpçülikleýin habar beriş serişdelerinde çykyş etdiler hem-de öz tekliplerini berdiler.

Döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow Milli Parlamentiň iki palataly gurluşyny döretmek, onuň palatalaryny Halk Maslahaty we Mejlis diýip atlandyrmak baradaky teklibiň hem giň goldawa eýe bolandygyny belledi.

Parlamentimiziň Halk Maslahaty palatasynyň düzümini emele getirmek boýunça welaýatlardan we Aşgabat şäherinden wekilleriň sany, olary saýlamagyň hem-de bellemegiň tertibi, Halk Maslahatynyň agzalygyna dalaşgärlere bildirilýän talaplar we olaryň ygtyýarlyk möhleti barada Konstitusion kanunyň taslamasynda beýan edilen kadalaryň doly goldanylmagy taslama taýýarlanylanda, raýatlarymyzyň teklipleriniň nazara alnandygynyň subutnamasydyr diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Oňyn halkara tejribe esasynda hem-de welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň ygtyýarlyklaryny giňeltmek, abraýyny ýokarlandyrmak we Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmäge hukugy bolan ýerli wekilçilikli edaralar hökmünde jemgyýetde olaryň ornuny berkitmek maksady bilen, Halk Maslahatynyň düzümini emele getirmegiň taslamada beýan edilen tertibini hem köp sanly raýatlar makullap, öz tekliplerini berdiler.

Konstitusion kanunyň taslamasynyň 78-nji maddasynda Halk Maslahatynyň düzümine welaýat, Aşgabat şäher halk maslahatlarynyň mejlislerinde gizlin ses bermek arkaly her welaýatdan we Aşgabat şäherinden saýlanýan sekiz wekil agza bolup girýär. Olary saýlamagyň tertibi kanun bilen kesgitlenilýär. diýip, has anyk beýan etmek teklip edildi diýip, döwlet Baştutanymyz bu teklibiň maksadalaýykdygyny belledi.

Şunuň bilen birlikde, bu Kanunyň taslamasynda beýan edilen, şol bir adamyň bir wagtda Milli Parlamentiň iki palatasyna-da saýlanmagyna we işlemegine ýol berilmeýändigi baradaky kadanyň hem mähriban halkymyzyň doly goldawyna mynasyp bolandygyny bellemek isleýärin diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz bu kadanyň Esasy Kanunymyza girizilmeginiň ýurdumyzda demokratik başlangyçlary hem-de durmuş adalatlylygyny üpjün etmekde zerur hasaplaýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz halkymyzyň asyrlaryň synagyndan geçen durmuş adalatlylygy ýörelgesini täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmakda onuň möhüm ähmiýetiniň boljakdygyna ynam bildirdi.

Konstitusion Kanunyň taslamasynda beýan edilen, Milli Geňeşiň palatalarynyň mejlislerini geçirmegiň, olaryň ygtyýarlyklaryna degişli meseleleriň anyk kadalaryny hem goldap, müňlerçe teklipler geldi.

Bu barada aýtmak bilen, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow bu meseläniň konstitusion kadalarda anyk beýan edilmeginiň ýurdumyzda parlamentarizmi ösdürmek, netijede bolsa, kanun çykaryjy döwlet edarasynyň işini döwrüň talabyna laýyk ýola goýmak üçin oňaýly şertleri döretjekdigini belledi.

Şunuň bilen birlikde, Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny bellemek, ygtyýarlyklaryny doly aýdyňlaşdyrmak boýunça hem teklipler az bolmady. Şol teklipler esasynda iki belgili segseninji maddada beýan edilýän Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynyň sanawyna Halk Maslahatynyň agzalarynyň saýlawlaryny belleýär; diýen dördünji bendi goşup, muny Halk Maslahatynyň ygtyýarlyklarynda berkitmek teklip edildi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz bu teklipleriň hem kabul edilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyny aýtdy.

Halk Maslahatynyň agzalarynyň birinji saýlawlaryny bellemek hukugyny bolsa Türkmenistanyň Prezidentine bermek teklip edilýär diýip, milli Liderimiz bu düzgünleriň Konstitusion kanunyň VI böleginde beýan edilmeginiň dogry boljakdygyny belledi.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyz Konstitusion kanunyň taslamasynda kanunlary kabul etmegiň tertibini anyk kesgitleýän kadalary makullap, mähriban halkymyzdan köp sanly teklipleriň gelip gowşandygyny belledi. Sebäbi taslamada beýan edilýän kadalara laýyklykda, Mejlisiň kabul eden kanunlarynyň Halk Maslahatynyň garamagyna makullamak üçin berilmegi şol kanunlara umumy döwlet bähbitlerini ähli zatdan ýokarda goýmak nukdaýnazaryndan garalýandygyny görkezýär.

Munuň özi döwletimiziň we jemgyýetimiziň bähbitlerine bir-biriniň işini sazlamaga gönükdirilen iki palatanyň utgaşykly işlemegi babatda hem maksadalaýyk bolar diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şunuň bilen baglylykda, bir belgili 83-nji maddada gelip gowşan teklipler esasynda Türkmenistanyň kanuny Halk Maslahaty tarapyndan ret edilen halatynda palatalar tarapyndan ylalaşdyryjy topar döredilip bilner we şondan soň kanun Mejlis tarapyndan gaýtadan seredilmäge degişli bolup durýar. diýlip beýan edilse, ýerlikli bolar hem-de bu meseläni has aýdyňlaşdyrar diýip, milli Liderimiz belledi.

Konstitusion toparyň şu günki mejlisinde döwletimiziň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň işini kämilleşdirmek boýunça badalga berlen özgertmeleri durmuşa geçirmek ugrunda alnyp barlan işler baradaky maglumatlar we hasabatlar diňlenildi.

Şunda döwlet Baştutanymyz Türkmenistan — Bitaraplygyň mekany diýlip yglan edilen şu ýylda Milli Parlamentimiziň iki palataly gurluşynyň döredilmegi bilen bagly Esasy Kanunymyza üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek boýunça alnyp barlan işlere mähriban halkymyzyň ýakyndan gatnaşandygyny we bu özgertmeleri giňden goldandygyny kanagatlanma bilen belledi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow ýurdumyzyň jemgyýetçilik-syýasy durmuşynda möhüm taryhy waka bolan kanun çykaryjy wekilçilikli edaranyň işiniň netijeliligini we Milli Parlamentiň ornuny ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu işleriň guramaçylykly geçirilmegine işjeň gatnaşan adamlaryň ählisine minnetdarlyk bildirdi.

Konstitusion kanunyň taslamasy taýýarlanylanda, döwlet gurluşymyzy mundan beýläk-de kämilleşdirmek maksatlaryndan, öz milli ösüş ýolumyzda toplan tejribämizden we oňyn halkara tejribeden ugur alyndy. Şunuň bilen baglylykda, milli Liderimiz Mejlise şu Kanunyň kabul edilmegi bilen bagly hereket edýän milli kanunçylygymyza seljerme geçirmegi hem-de degişli üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça alyp barýan işlerini dowam etmegi tabşyrdy.

Ýurdumyzyň kanun çykaryjy edarasynyň işini döwrebap ýagdaýa getirmek Milli Parlamente türkmen jemgyýetiniň ähli gatlaklaryna wekilçilik etmäge, döwrüň möhüm meselelerini çözmäge, kanunlary işläp taýýarlamakda we durmuşa geçirmekde işleriň ýagdaýyny düýpli gowulandyrmaga ýardam eder diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Bu şeýle hem saýlawçylaryň deputatlar bilen has ysnyşykly gatnaşyklaryny, kanunlaryň we milli maksatnamalaryň ýerine ýetirilişine netijeli gözegçiligi ýola goýmak üçin gowy şertleri döreder, Parlamentiň kanun çykaryjylyk işini hil taýdan täze derejä çykarmaga mümkinçilik berer diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow belledi.

Şeýlelikde, ýurdumyzyň Parlamenti giň borçlary we ygtyýarlyklary bolan umumymilli wekilçilikli edara öwrüler. Bu bolsa döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşyny demokratiýalaşdyrmakda möhüm ähmiýetli işler hökmünde taryha girer diýip, milli Liderimiz sözüni dowam etdi.

Döwlet Baştutanymyz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistan — biziň ata Watanymyz, Konstitusiýa — biziň Esasy Kanunymyz diýdi.

Konstitusiýamyzda biz jemgyýetiň we döwletiň iň ýokary gymmatlygy adam diýip kesgitledik.Adamy goramak, goldamak we oňa hyzmat etmek döwlet häkimiýet edaralarynyň baş wezipeleridir diýip beýan etdik.Bu biziň döwlet syýasatymyzy kesgitleýän esasy kadalardyr.

Biziň täze parlament ulgamyna geçmek baradaky başlangyjymyz hem Esasy Kanunymyzda beýan edilen şu kadalardan gelip çykýar.Konstitusiýamyzda kesgitlän esasy ugurlarymyz boýunça ösen berkarar döwletimizi geljekki nesillere miras galdyrmak biziň her birimiziň mukaddes borjumyzdyr diýip, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow nygtady.

Şu gün ara alyp maslahatlaşylan Konstitusion kanunymyzyň taslamasy boýunça edilen çykyşlarda ýurdumyzyň kanun çykaryjy wekilçilikli edarasynyň iki palataly ulgamyny döretmek barada öňe süren başlangyjymyzy mähriban halkymyzyň doly goldap, amala aşyrylýan konstitusion özgertmelere işjeň gatnaşandygy aýdyň görünýär diýip, milli Liderimiz belledi.

Taslamada ministrliklerden, pudaklaýyn dolandyryş hem-de ylmy edaralardan, jemgyýetçilik birleşiklerinden we raýatlardan gelip gowşan teklipler doly göz öňünde tutulypdyr.Konstitusion toparyň agzalary we degişli döwlet edaralarynyň hem-de jemgyýetçilik birleşikleriniň wekilleri taryhy ähmiýetli möhüm işleri ýerine ýetirdiler.

Alnyp barlan bu işler barada Konstitusion toparyň mejlislerinde jikme-jik gürrüň edildi. Şoňa görä-de, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakyndaky Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça işler, umuman, tamamlandy diýip hasap etmeli diýip, döwlet Baştutanymyz belledi.

Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion kanunyň taslamasy boýunça ýurdumyzyň welaýatlarynda, etraplarynda we şäherlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine gatnaşjak wekiller bilen hem ara alyp maslahatlaşmalary geçirmegiň, soňra ony Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine hödürlemegiň we makullanan halatynda, Türkmenistanyň Mejlisiniň garamagyna bermegiň gerekdigini aýtdy.

Umuman, Konstitusiýamyzy kämilleşdirmek boýunça geçirilýän işleri halkymyza doly ýetirmek boýunça işleri dowam etmeli diýip, milli Liderimiz Garaşsyz, hemişelik Bitarap döwletimizde geçirilýän konstitusion özgertmeleriň adamyň we raýatyň Türkmenistanyň Konstitusiýasynda kepillendirilen giň hukuklaryny hem-de azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam etjekdigine ynam bildirdi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Konstitusion toparyň we onuň ýanynda döredilen iş toparynyň agzalarynyň öz işlerini mundan beýläk-de sazlaşykly alyp barjakdyklaryna hem-de öňde goýlan wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirjekdiklerine berk ynam bildirdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň Konstitusiýasyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda Türkmenistanyň Konstitusion kanunynyň taslamasyny makullamak we Türkmenistanyň Halk Maslahatyna hödürlemek hakyndaky Konstitusion toparyň kararyna gol çekdi.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Konstitusion toparyň iň soňky — dördünji mejlisini jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, alyp barýan jogapkärli işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Tokaýew Prezident wezipesine gaýtadan saýlanmak barada pikirlerini aýtdy
As-Sisi kasam kabul edip, Müsüriň Prezidenti wezipesine girişdi
TÜRKMENISTANYŇ KONSTITUSION KANUNY Türkmenistanyň Halk Maslahaty hakynda
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ PERMANY
HALK HÄKIMIÝETINIŇ ÝOKARY WEKILÇILIKLI EDARASY — TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATY DÖREDILDI
GURBANGULY BERDIMUHAMEDOW KANUN ESASYNDA TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI DIÝLIP YKRAR EDILDI
Türkmenistanyň Milli Geňeşi ýatyryldy, Halk Maslahaty gaýtadan esaslandyryldy