As-Sisi kasam kabul edip, Müsüriň Prezidenti wezipesine girişdi

As-Sisi kasam kabul edip, Müsüriň Prezidenti wezipesine girişdi

Düýn, 2-nji aprelde Müsüriň Prezidenti Abdel Fattas as-Sisi ýurduň Parlamentiniň agzalarynyň öňünde Konstitusion kasam kabul edip, üçünji gezek döwlet Baştutany wezipesine girişdi. Prezidentiň wezipesine girişmek dabarasy ýurt Baştutanynyň diwanynyň saýtynda görkezildi diýip, Izwestiýa ýazýar.

As-Sisi iň ýokary döwlet wezipesine 2023-nji ýylyň 18-nji dekabrynda saýlandy, ol saýlawçylaryň 39,7 millionynyň sesini gazandy (sesleriň umumy sanynyň 89,6 göterimi). Onuň ýakyn bäsdeşi Hazem Omar 986,3 müň ses ýa-da 4,5 göterimini aldy.

Ýene degişli makalalar

Müsürde Prezident saýlawlary geçýär
Müsürde üç günlük Prezident saýlawlary geçirilýär
EKSPO-2023 halkara sergisi geçirilýär
Katarda “EKSPO-2023” halkara sergisi açyldy
Ählisi mugt: Amsterdamda mätäç maşgalalar üçin supermarket açyldy
Türkmenistan bilen HHR-niň özara gatnaşyklarynyň täze derejesi, bütin Türkmenistan boýunça adatdan daşary sowuk howanyň golaýlaşmagy, Aşgabadyň, Sarahsyň we Arçmanyň arasynda täze ugurlaryň işe girizilmegi