Müsürde üç günlük Prezident saýlawlary geçirilýär

10-njy dekabrda Müsürde Prezident saýlawlaryna badalga berildi. Ýurtda, takmynan 9,4 müň saýlaw uçastogy açyldy. Ses berişlik üç gün dowam eder.

Prezidentlige dört dalaşgär bar: 2014-nji ýyldan bäri Müsüre ýolbaşçylyk edip gelýän häzirki döwlet Baştutany Abdel Fattah as-Sisi, Sosial-demokratik partiýasynyň lideri Farid Zahran, “Wafd” liberal partiýasynyň lideri Abdel Sanad Ýamama we Respublikan halk partiýasynyň lideri Hazem Omar.

Habar beriş serişdeleriniň maglumatlaryna görä, as-Sisi ýeňiş gazanmak üçin esasy dalaşgärdir. Ol şu ýylyň oktýabr aýynda raýatlary ýurda “geljekde abadançylyk tapgyryna girmäge” ýardam bermäge çagyrdy.

Ýene degişli makalalar

Müsürde Prezident saýlawlary geçýär
Abdel Fattah as-Sisi Müsüriň Prezidentligine saýlandy
Türkiýäniň Prezidenti resmi sapar bilen Müsüre bardy
Türkmenistanyň Prezidentini Täze ýyl mynasybetli kärdeşi Jozef Baýden gutlady
Makron Hindistana Respublikanyň gününe baş myhman hökmünde çagyryldy
Abdel Fattah al-Sisi Prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi