Müsürde prezident saýlawlary geçiriler

Şu ýylyň 10-12-nji dekabrynda Müsürde Prezident saýlawlary aralygynda geçiriler. Bu barada ýurduň Milli saýlaw toparynyň başlygy Walid Hamza habar berdi.

-Müsürde geçiriljek Prezident saýlawlarynyň birinji tapgyry 10, 11 we 12-nji dekabrda, ýurduň çäklerinden daşardaky ses berişlik bolsa, 1-3-nji dekabr aralygynda geçiriler diýip, Walid Hamza metbugat ýygnagynda aýtdy.

Ol Prezident saýlawlaryna dalaşgärleri hödürlemek boýunça işleriniň 5-nji oktýabrda başlanjakdygyny aýtdy.

-Dalaşgärleriň gutarnykly sanawy 9-njy noýabrda yglan edilip, şol gün saýlaw kampaniýasy başlanar diýip, Hamza belledi.

Bir aýdan gowrak mundan öň, Müsüriň parlamentindäki iň uly partiýa “Mustakbal Watan” (Watanyň Garaşsyzlygy) ýurduň häzirki Prezidenti Abdel Fattah al-Sisini täze möhlete hödürlemegiň tarapdarydygyny mälim etdi.

Al-Sisi 2014-nji ýyldaky saýlawlarda ýeňiş gazanaly bäri Müsüriň Prezidentidir. Ol dört ýyldan soň ikinji möhlete saýlandy. 2019-njy ýylyň aprelinde Müsürde sala salyşyk geçirilip, netijede, al-Sisi täze möhlete dalaş etmäge hukuk gazandy hem-de Prezidentiň möhletini dört ýyldan alty ýyla çenli uzaltmak üçin Konstitusiýa düzedişler girizildi.

Müsüriň Konstitusiýasyna laýyklykda, saýlaw kampaniýasy Prezidentiň ygtyýarlygynyň gutarmagyna, azyndan, 120 gün galanda başlamaly. Al-Sisiniň ikinji möhleti resmi taýdan 2024-nji ýylyň 2-nji aprelinde tamamlanýar.

Ýene degişli makalalar

Ýan we Çimaýew UFC-däki çykyşlary üçin bitkoinde $40 müň gazandylar
Hamzatdan ýeňlen Býornse Dana Uaýt ýene bir güýçli garşydaşy söz berdi
Türk nmetbugatynyň gysgaça mazmuny
Somaliniň täze Premýer-ministri
Özbek edebiýaty: uzak geçmişden biziň günlerimize çenli
Çimaýewiň Dias bilen söweşi UFC 279 turniriniň esasy wakasy bolar