Abdel Fattah as-Sisi Müsüriň Prezidentligine saýlandy

Abdel Fattah as-Sisi Müsüriň Prezidentligine saýlandy

Müsüriň Prezidentligine häzirki döwlet Baştutany Abdel Fattah as-Sisi saýlandy. Ol saýlawlaryň birinji tapgyrynda uly tapawut bilen ýeňiş gazandy, Kairde Prezident saýlawlarynyň resmi jemleri bilen Müsüriň Milli saýlaw topary tanyşdyrdy diýip, MIR 24 habar berýär.

Abdel Fattah as-Sisi ýurdy ýene öňdäki bäş ýylda dolandyrar. Ses berlişigiň barşynda ony goldap, ýurduň çäginde we daşynda saýlawçylaryň 89,6 göterimi ses berdi.

Saýlawlar 10-12-nji dekabrda geçdi, oňa ses bermäge hukugy bolan 67 million saýlawçynyň 70 göterimi gatnaşdy.

Döwlet Baştutanynyň saýlawlary ýurduň bütin taryhynda iň ýokary derejede geçdi diýip, Müsüriň Milli saýlaw toparynyň başlygy Hazem Badawi gürrüň berdi.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Türkiýäniň Prezidenti resmi sapar bilen Müsüre bardy
Müsürde üç günlük Prezident saýlawlary geçirilýär
Şarm-eş-Şeýhde howa sammiti açyldy
Müsürde howa boýunça sammit dowam edýär
Türkmenistan bilen HHR-niň özara gatnaşyklarynyň täze derejesi, bütin Türkmenistan boýunça adatdan daşary sowuk howanyň golaýlaşmagy, Aşgabadyň, Sarahsyň we Arçmanyň arasynda täze ugurlaryň işe girizilmegi
Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy bilen gutlady