Abdel Fattah al-Sisi Prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi

Müsüriň Prezidenti Abdel Fattah al-Sisi duşenbe güni dekabr aýynda geçiriljek Prezident saýlawlaryna gatnaşjakdygyny mälim etdi.

-Müsürlileriň çagyryşyna öňem jogap berşim ýaly, şu gün ýene-de olaryň çagyryşyna jogap berýärin we täze Prezidentlik möhletini saýlamagy ýüregime düwýärin diýip ýurduň Lideri aýtdy.

-Müsürlileri ýurduň Prezidentini saýlamaklary üçin ses bermäge çagyrýaryn diýip, ol aýtdy.

Müsürde saýlawlar 10-12-nji dekabr aralygynda geçiriler. Daşary ýurtda ýaşaýan müsürliler 1-3-nji dekabr aralygynda ses berip bilerler.

A.F. al-Sisi 2014-nji ýylda geçirilen ilkinji Prezident saýlawlarynda ýeňiş gazandy we 2018-nji ýylda gaýtadan saýlandy. 2019-njy ýylda Konstitusiýa girizilen üýtgetmeler arkaly Prezidentiň möhleti dört ýyldan alty ýyla çenli uzaldyldy we aýratyn-da oňa üçünji möhlete dalaş etmäge mümkinçilik berildi.

Ýene degişli makalalar

Dünýä Liderleri Türkmenistanyň Prezidentini Mukaddes Oraza baýramy bilen gutladylar
Serdar Berdimuhamedow Müsür Arap Respublikasynyň milli baýramy bilen gutlady
Müsürde prezident saýlawlary geçiriler
Müsürde üç günlük Prezident saýlawlary geçirilýär
Müsürde Prezident saýlawlary geçýär
Abdel Fattah as-Sisi Müsüriň Prezidentligine saýlandy