Koreý ilçisi "Ojar Aziýa" kompaniýasy bilen Türkmenistandaky taslamalary maslahatlaşdy

Koreý ilçisi "Ojar Aziýa" kompaniýasy bilen Türkmenistandaky taslamalary maslahatlaşdy

Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky ilçisi Li Wonje 17-nji iýunda "Ojar Aziýa" kompaniýasynyň ýolbaşçylary bilen hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy barada pikir alyşdy. Bu barada Koreýanyň Türkmenistandaky ilçihanasy duşenbe güni habar berdi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistanda awtomobil ýollarynyň we ýaşaýyş jaýlarynyň gurluşygy boýunça durmuşa geçirilýän taslamalaryň häzirki ýagdaýyny ara alyp maslahatlaşdylar.

Şeýle hem duşuşykda taraplar Günorta Koreýanyň kompaniýalary, şol sanda S&T korporasiýasy bilen hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljekki mümkinçilikleri boýunça pikir alyşdylar.

Taraplar söhbetdeşligiň ahyrynda, türkmen-koreý işewürlik gatnaşyklaryny giňeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny belläp, işewürlik gatnaşyklaryny mundan beýläk hem ösdürmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Ýene degişli makalalar

2026-njy ýylyň maýy: Türkmenistanyň Prezidentiniň daşary syýasy başlangyçlaryndan ugur alyp
Seulda Türkmenistanyň Prezidentiniň ilkinji saparyna taýýarlyk görülýär
Günorta Koreýanyň kompaniýalary Garagum kanalyny döwrebaplaşdyrmak taslamasyna gatnaşmaga gyzyklanma bildirýärler
Türkmenistanyň DIM-inde Koreýa Respublikasynyň Ilçisi bilen duşuşyk geçirildi
Ilçi Döwlet kitaphanasy bilen tanyşdy
Türkmenistanyň Prezidenti Koreýa Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisini kabul etdi