Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy

Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Park Jin döwlet özygtyýarlylygyna hormatyň nyşany hökmünde Aşgabatdaky Türkmenistanyň Garaşsyzlyk binasyna gül goýdy.

Mälim bolşy ýaly, Koreýanyň Daşary işler ministrliginiň ýolbaşçysy Türkmenistana 1-nji noýabrda Aşgabatda geçiriljek Koreýa Respublikasy — Merkezi Aziýa hyzmatdaşlyk forumynyň 16-njy maslahatyna gatnaşmak üçin geldi.

Saparyň dowamynda Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen hem duşuşar. Şeýle hem dostlukly ýurduň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Daşary işler ministrlikleriniň ýolbaşçylary bilen gepleşikleri geçirer diýlip garaşylýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Türkmenistanyň we Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministrleri duşuşdylar
Türkmenistan we Koreýa bilim pudagynda gatnaşyklary berkitmegi ara alyp maslahatlaşýarlar
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Ene mähri diýen hormatly adyny dakmak hakynda
Messi möwsüm tamamlanansoň PSŽ-ni terk eder
Türkmenistan Gazagystana yzygiderli howa gatnawlaryny dikeltdi, Aşgabatdaky Döwletliler köşgünde baýramçylyk çäreleri geçirildi, Arkadag şäherine we Türkmenbaşynyň Halkara deňiz portuna ÝHHG-niň güwänamalary gowşuryldy we beýleki habarlar
Messiniň Pari Sen-Žermen toparyndaky döwri gutarýar