Koreýa ýüz idegi önümleriniň eksportyny artdyrdy

Koreýa ýüz idegi önümleriniň eksportyny artdyrdy

Günorta Koreýanyň kosmetiki önümleriniň eksporty 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda, geçen ýyl bilen deňeşdirilende, 20 göterim artdy diýip, Yonhap habarlar gullugy habar berdi.

Şunlukda, Günorta Koreýanyň kosmetikasynyň eksportynyň möçberi ýanwar-mart aýlarynda 2,3 milliard dollara deň boldy, bu bir ýyl öňdäkiden 21,7 göterim artykdyr. Şeýle-de, bu ähli birinji çärýekler boýunça iň ýokary görkezijidir.

Birinji çärýekde iň köp kosmetika harytlary Hytaýa ugradyldy, eksport 610 mln dollara ýetdi. Ondan soňra 380 mln dollar görkeziji bilen ABŞ, 240 mln dollar görkeziji bilen Ýaponiýa we 150 mln dollar görkeziji bilen Wýetnam gelýär.

Maglumatlara görä, Günorta Koreýanyň ýüz idegi önümleri görkezilen döwürde 175 ýurda satyldy.

Ýene degişli makalalar

8-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Numan Kurtulmuş Meksikada Saparda Bolýar
Türkmen uniwersitetiniň wekiliýeti Uniwersitetler we gelejek atly halkara foruma gatnaşdy
45 sany ýaş oýlap tapyjy Türkmenistanda geçirilen Ýokary tehnologiýalar we innowasion işläp taýýarlamalar atly halkara bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Yragyň Prezidenti Türkmenistana resmi sapar bilen gelmegi meýilleşdirýär, Ýagşymyradow Bellator ýaryşynda ýeňiş gazandy, Türkmenistanyň medeniýet ministri TURKSOÝ-yň mejlisine gatnaşar we beýleki habarlar
Türkmen wekiliýeti ulag ulgamy boýunça Astanada geçirilen New Silk Way işewürlik forumyna gatnaşdy