Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Koronawirus epidemiýasy dünýä ýurtlaryna howp salmaga dowam edýär

Dünýä derejesinde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 51 müň adama ýetdi. Dünýäde wirus ýokanlaryň sany 96 million 64 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 68 million 738 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 152 müň 593 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 10 million 582 müň adama ýetdi.

Russiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli soňky 24 sagatda ýene-de 586 adam ýogaldy. Şeýlelik bilen ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 66 müň 623 adama ýetdi. Ülkede wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 21 müň 734 adamlyk artyş bilen 3 million 612 müň adama ýetdi.

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 501 adama, wirus ýokanlaryň sany bolsa 328 müň 294 adama ýetdi. Premýer ministr Suga Ýoşihide ýurtda Kowid-19 epidemiýasynyň iň gysga wagtda gözegçilik astyna alynjakdygy, Tokio olimpiadasynyň we Paralimpiýa oýunlarynyň geçirilmegi üçin elinden gelenini etjekdigi barada söz berdi.

Hytaýda koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 4 müň 635 adam ýogaldy, hasaba alynanlaryň sany bolsa 88 müň 454 adama ýetdi. Ýurtda soňky 24 sagatda 118 adamyň wirusa ýolugandygy mälim edildi.

Günorta Koreýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 1 müň 283 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 73 müň 115 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli 605 adamyň ýogalan Malaýziýada hökümet, 2022-nji ýylyň ilkinji çärýegine çenli ýurtdaky 27 million adama koronawirus sanjymynyň ediljekdigini habar berdi.

Marokkoda koronawirus epidemiýasy sebäpli adam ýitgisi 7 müň 977-ä, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 460 müň 144 adama ýetdi. Ýurtda raýatlaryň birinde Britaniýada ýüze çykan koronawirusyň mutasiýa sezewar bolan täze görnüşi anyklandy.

Pakistanda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 11 müň 55 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 523 müň 11 adama ýetdi. Pakistan, Hytaýyň Sinopharm kärhanasynyň koronawirusa garşy oýlap tapan sanjymyny gyssagly ýagdaýda ulanylmagyny tassyklady.

Senegalda epidemiýa sebäpli ýogalanlaryň sany 526 adama, wirusa ýoluganlaryň sany 23 müň 224 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli köçä çykmak gadagançylygy ýene-de 8 gün uzadyldy.

Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 4 müň 49 adama ýeten Ysraýylda, soňky 24 sagatda ýene-de 10 müň 21 adam hasaba alyndy. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany şeýlelik bilen 560 müň adama ýetdi.

Afrika materiginde koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany 79 müň 736 adama ýetdi. Materikde wirus ýokanlaryň sany bolsa 3 million 300 müň adama ýetdi.

Kowid-19 sebäpli ýogalanlaryň sany Eýranda 56 müň 886 adama, Günorta Afrikada 37 müň 449 adama, Indoneziýada 26 müň 282 adama we Yrakda 12 müň 953 adama ýetdi.

Ýene degişli makalalar

Ispaniýada Ýaşaýan Musulmanlaryň Sany 10 Esse Artdy
Karlo Ançelotti Braziliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçiligine bellendi
BRIKS-e goşulmaga 23 ýurt isleg bildirdi
Günorta Afrikada BRIKS sammiti açylýar
Aliýew Fransiýa Reaksiýa Bildirdi
Kanar adalaryna barýan bikanun göçegçileriň sany artdy
Kung-fu Panda 4 multfilminiň treýleri internetde peýda boldy