Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalýan adamlaryň sany artmaga dowam edýär

Dünýäde täze görnüş koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 2 million 68 müň 275 adama, wirus ýokanlaryň sany 96 million 725 müň adama, saglyk ýagdaýy gowulaşanlaryň sany bolsa 69 million 423 müň adama ýetdi.

Hindistanda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda 162 adam artyp, 152 müň 754 adama ýetdi. Ýurtda wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 13 müň 823 adamlyk artyş bilen jemi 10 million 596 müň 442 adama ýetdi.

Premýer ministr Narendra Modi ýurdunyň şu gün Butan, Maldiw adalary, Bangladeş, Nepal, Mýanma we Seýşel adalary ýaly ýurtlara Kowid-19 sanjymlaryny ugratmaga başlajakdygyny mälim etdi. Ýurtda 16-njy ýanwarda başlan Kowid-19 sanjym kampaniýasynyň çäginde şu günki güne çenli 454 müň 49 adama sanjym edildi.

Sanjym etdiren her 10 müň adamyň 18-de sanjymyň ýaramaz täsiri hasaba alynyp, her 100 müň adamyň 2-si sanjymyň ýaramaz täsiri sebäpli hassahana ýatmaga mejbur galýar.

Eýranda koronawirus epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany soňky 24 sagatda ýene-de 84 adam artyp, jemi 57 müň 57 adama ýetdi. Ýurtda bellige alynan adamlaryň sany bolsa 6 müň 182 adamlyk artyş bilen, 1 million 348 müň 316 adama ýetdi.

Hytaýda koronawirus sebäpli şu günki güne çenli 4 müň 635 adam ýogaldy, 88 müň 557 adam bolsa wirusa ýolukdy. Hytaýyň paýtagty Pekinde soňky günlerde wirusa ýolugan adamlaryň sanynyň artmagy sebäpli çäkli karantin düzgüni girizildi. Pekiniň günortasynda 1,6 million adamyň ýaşaýan Deşing etrabynda ýaşaýan adamlaryň şäherden çykamklary gadagan edildi

Günorta Koreýanyň Kesele gözegçilik we öňüni alyş merkezinden berilen beýanata görä, soňky 24 sagatda ýene-de 17 adamyň ýogalmagy bilen, ýurtda koronawirus sebäpli ýogalanlaryň sany jemi 1 müň 300 adama ýetdi.

Günorta Koreýada wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 404 adam artyp, jemi 73 müň 518 adama ýetdi.Paýtagt Seul şäherinde we onuň töweregindäki sebitde berk öňüni alyş çäreleriň möhledi 31-nji ýanwara çenli uzadyldy.

Ýaponiýada Kowid-19 epidemiýasy sebäpli ýogalanlaryň sany 104 adamlyk artyş bilen 4 müň 700 adama, wirusa ýoluganlaryň sany bolsa 5 müň 320 adamlyk artyş bilen 341 müň 493 adama ýetdi.

Epidemiýa sebäpli 4 müň 142 adamyň ýogalan Ysraýylda hasaba alynanlaryň sany 570 müň 85 adama ýetdi. Ýurtda daşary ýurtlardan gaýdyp gelen adamlaryň iň köp 72 sagat ozal geçirilen we otrisateldigini subut edýän testleriň görkezilmegi talap edilmäge başlandy. Ertir möhledi dolmaly bolan Kowid-19 karantin düzgüniniň ýene-de 10 gün uzadylmagy barada karara gelindi.

Dünýäniň beýleki käbir ýurtlaryndaky Kowid-19 epidemiýasy sebäpli adam ýitgileri: Russiýa 67 müň 220 adam, Günorta Afrika 38 müň 288 adam, Indoneziýa 26 müň 857 adam, Yrak 12 müň 962 adam we Pakistan 11 müň 103 adam.

Ýene degişli makalalar

Hindistanda şu gün Parlament saýlawlary başlanýar
Eýranyň Prezidentiniň Ýogalmagyna Uly Gynanç Bildirilýär
Hindistanyň saýlaw topary partiýalara özüňi alyp barmagyň düzgünlerini ýatlatdy
Modi: "Taňry meni bir maksat bilen inderdi" diýdi
Hindistanda ýerli Premýer-ministre meňzeş adamlar tapyldy
Hindistanyň Hökümet başlygy iş başyndan gitdi
Türkmenistanyň Prezidenti Russiýanyň we Hindistanyň ýolbaşçylaryny gutlady