Koronawirus Hytaýda Täsirini Dowam Etdirýär

Koronawirus Hytaýda Täsirini Dowam Etdirýär

Hytaýda täze görnüş koronawirus epidemiýasyna garşy girizilen düzgünleriň bes edilmeginden soň çekilen adam pidalary hakynda maglumat berildi.

Milli saglygy goraýyş komissiýasynyň görkezijilerine görä, ýurtda soňky 24 sagatda 77-si daşary ýurtdan gelenler bilen arabaglanşykly jemi 1995 adam epidemiýa sebäpli hasaba alyndy, 2 adam hem wirus sebäpli ýogaldy.

Hünärmenler, epidemiýa garşy girizilen düzgünleriň bes edilmegi bilen birlikde wirusa ýoluganlaryň sanynyň artandygyna garamazdan ýogalanlaryň sanynyň azalmagynda edilýän testleriň azalmagynyň täsirininiň bardygyna ünsi çekýär.

Paýtagt Pekinde hassahanalara we morglara ýüz tutýanlaryň sanynyň artandygy öňe sürülýär.

Ýogalanlaryň hossarlarlary ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdelerine beren beýannatlarynda, merhumlaryň dem almakda kynçylyk çekendigine ünsi çekendikleri nygtalýar.

Ýene degişli makalalar

Koronawirus ýokanjy pandemiýa derejesini ýitirer
Norwegiýanyň Şasy Ýokanç Sebäpli Hassahana Alynyp Gidildi
2023-nji ýylda Merkezi Aziýada yzarlanmaly bäş hekaýa
Stambul Howa Menzili Ýewropanyň Iň Gelim-Gidimli Howa Menzili
ÝB-ne Agza Ýurtlar Bilen Şengen Ýurtlary Koronawirus Sebäpli Hytaýa Çäklendirme Girizerler
Prezident Erdoganyň nol zyňyndy bilen bagly ýüzlenmesi