Norwegiýanyň Şasy Ýokanç Sebäpli Hassahana Alynyp Gidildi

Norwegiýanyň Şasy Ýokanç Sebäpli Hassahana Alynyp Gidildi

Şanyň maşgala agzalarynyň beren beýannamasynda 85 ýaşly Şa Haraldyň ýokanç sebäpli hassahana alynyp gidilendigi, antibiotik bejergisi alýandygy habar berildi.

Şa Harald 5-njiniň saglyk ýagdaýynyň kadalydygy we birnäçe gün paýtagt Oslodaky hassahanada bejergi aljakdygy beýan edildi.

Norwegiýanyň Şasy 4-nji awgustda-da gyzgyny galyp, Oslonun Döwlet hassahanasyna ýatyrylypdy.

Şa, 22-nji martda koronawirusa ýolugyp, wezipesine birnäçe gün arakesme bermeli bolupdy we ýerine ogly hem-de tagtyň mirasdüşeri Şazada Naakon wekilçilik edipdi.

3 doza Koronawirus sanjymyny etdiren Şa Harald 5-nji soňky ýyllarda birnäçe gezek ýarawsuzlanypdy, 2020-nji ýylda ýüreg gapajygyndan operasiýa bolupdy.

Ýene degişli makalalar

Himiýa boýunça Nobel baýragy bilen üç alym sylaglandy
Özünden uly rekordy täzeledi
Arktikada saz saklawhanasy gurlar
Şwesiýada Nobel hepdeligi lukmançylyk pudagynda laureaty yglan etmek bilen açylar
Norwegiýada suratkeş Munkyň täze muzeýi açyldy
2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Oslodaky gowşurylyş dabarasyna gelip bilerler