Özünden uly rekordy täzeledi

Göwher ligasy (Diamond League) ýeňil atletika ýaryşlarynyň 4-nji tapgyry Norwegiýanyň paýtagty Osloda geçirildi.Geçirilen ýaryşlaryň birinde, has takygy, erkekleriň arasynda päsgelçilikli 400 metr ylgaw ýaryşynda 29 ýyllyk dünýä rekordy täzelendi. 25 ýaşyndaky norwegiýaly ylgaýjy Karsten Warholm päsgelçilikli 400 metr aralygy 46,70 sekuntda geçip, 29 ýyllyk rekordy öz adyna geçirdi.

Bu ugurda ozalky rekord amerikaly Kewin Ýanga degişli bolup, ol 1992-nji ýylda 46,78 sekuntlyk görkeziji bilen rekord goýupdy.Warholm ýaryşdan soň, “Öz ýaşymdan uly rekordy täzeledim” diýip, çykyş etdi.

Ýene degişli makalalar

Arktikada saz saklawhanasy gurlar
Şwesiýada Nobel hepdeligi lukmançylyk pudagynda laureaty yglan etmek bilen açylar
Norwegiýada suratkeş Munkyň täze muzeýi açyldy
2021-nji ýylyň Parahatçylyk boýunça Nobel baýragynyň eýeleri Oslodaky gowşurylyş dabarasyna gelip bilerler
Stokgolmda Nobel baýragynyň gowşurylmagy mynasybetli dabara geçirildi
Dünýäniň iň gymmat awtoduralgaly şäherleri belli edildi