Dünýäniň iň gymmat awtoduralgaly şäherleri belli edildi

Dünýäniň iň gymmat awtoduralgaly şäherleri belli edildi

Dünýädäki iň gymmat tölegli awtoulag duralgasy London şäherinde ýerleşýär. Bu şäherde awtomobiliňi bir sagat goýmak üçin tas 11,3 dollar sarp etmeli bolýar. Şeýle maglumatlar Picodi.com portalynyň hünärmenleri tarapyndan geçirilen gözleg işinde berilýär. Muny Trend ýetirýär.

Reýtingiň üçlüginde Norwegiýanyň Oslo şäheri we Niderlandlaryň paýtagty Amsterdam hem ýerleşdi, bu ýerlerde awtoduralganyň bir sagady üçin, degişlilikde 8,57 dollar we 8,55 dollar tölemeli bolýar. Ýedi dollardan az awtoulag duralgasy Parižde (6,84 dollar), Sýurihde (6,51 dollar), Kopengagende (5,98 dollar), Rigada (5,7 dollar) we Stokgolmda (5,65 dollar) bar.

Analitikler has arzan awtoduralgany merkezden uzakda bolan ýerlerde tapyp boljakdygyny belleýärler.

Şeýle-de, awtoulag duralgasynyň pes bahasy Nur-Soltanda (0,23 dollar), Bişkekde (0,29 dollar), Buenos-Aýresde (0,30 dollar), Minskde (0,4 dollar), Mehikoda (0,51 dollar) hem-de Tbiliside (0,96 dollar) hasaba alyndy.

Ýene degişli makalalar

Köpetdag stadiony dünýäniň iň gowy 100 stadionynyň sanawyna girizildi
2026-njy ýylda hökman baryp görmeli 25 ýer
Dünýä Kubogy 2026-nyň geçiriljek şäherleri mälim edildi
Ýurdumyzyň Milli ýaý atyjylyk federasiýasynyň web-saýty açyldy
Meksikanyň häkimiýeti prezident uçaryny kärendesine bermekçi
Mehiko ähli koronawirus çäklendirmelerini ýatyrýar