Korrupsiýa aýyplamalarynda ýene-de ençeme resmi wezipesinden boşadyldy

Korrupsiýa aýyplamalarynda ýene-de ençeme resmi wezipesinden boşadyldy

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Lebap welaýatynda alnyp barylýan işlere nägilelik bildirip, korrupsiýa aýyplamalary esasynda Lebap welaýat hem-de birnäçe etrap häkimlerini we ýolbaşçylaryny wezipesinden boşatdy.

27-nji noýabrda Ministrler Kabinetiniň Lebap welaýatynyň merkezi Türkmenabat şäherinde geçirilen göçme mejlisinde, türkmen lideri “welaýaty ösdürmäge uly üns berilýändigini we bu ugurda uly göwrümli işleriň alnyp barylýandygyny, emma muňa garamazdan, regiony ösdürmek işlerinde kemçiliklere ýol berilýändigini” aýtdy.

Türkmen prezidenti Lebap welaýatynda dowam edýän “kemçilikler” üçin degişli ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hem gönüden-göni jogapkärçilik çekýändigini aýdyp, bu ýolbaşçylaryň welaýatyň hem-de onuň şäherleriniň we etraplaryň häkimleri bilen bilelikde, ysnyşykly işlemändikleri sebäpli, şeýle “kemçilikleriň” ýüze çykýandygyny belledi.

Mundan soň, ýurduň gündogar welaýatynda geçirilen hökümet maslahatynda Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktory Mämmethan Çakyýew çykyş etdi.

Ol welaýatda geçirilen barlaglaryň barşynda Serdarabat etrabynyň häkimi I.Işankulyýewiň, Döwletli etrabynyň häkimi M.Çaryýewiň we Galkynyş etrabynyň häkimi B.Kadyrowyň we bu etraplaryň başga-da birnäçe ýolbaşçylarynyň “gulluk wezipelerinden hyýanatly peýdalanyp, parahorluga we korrupsiýa baş goşandyklarynyň ýüze çykarylandygyny” aýtdy.

“Hakykat ýüzünde ýygylmadyk 800 tonnadan gowrak pagtany döwlet harmanyna tabşyrylan hökmünde galp maglumatlary hasabata goşupdyrlar” diýlip, türkmen mediasynda gürrüňi edilýän türkmen ýolbaşçylarynyň elleri gandally duran pursatlary görkezildi.

Şunuň bilen baglylykda prezidentiň Çarygeldi Çarlyýewi Lebap welaýatynyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu wezipä Ahal welaýatynyň häkimi bolup işlän Taňryguly Atahallyýewi belländigi mälim edildi. Şeýle-de, Çarlyýewiň mundan beýläk Lebap welaýatynyň Darganata etrabynyň häkimi wezipesinde işlejekdigi aýdyldy.

“Ykdysady jenaýatlara garşy göreşmek baradaky döwlet gullugynyň direktorynyň hasabatyndan görnüşi ýaly, welaýatda parahorluga ýol berlen ýerler bolupdyr. Şonuň üçin etraplaryň üçüsiniň häkimleri we beýleki birnäçe wezipeli adamlar eýeleýän wezipelerinden boşadyldy” diýlip, habarda bellenilýär.

Türkmen metbugatynda “jenaýatçylykly hereketler boýunça derňewleriň dowam edýändigi” aýdylsa-da, jenaýat edenlikde aýyplanýan adamlaryň aldy diýilýän paranyň, puluň möçberi aýdyňlaşdyrylmaýar.

Mundanam başga, maslahatda Hoşaly Abdurahmanowyň, Ogulsenem Rahmanowanyň özüne ynanylan wezipäni oňarmanlygy üçin, Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipelerinden boşadylandygy, olaryň deregine Törekul Çaryýewiň, Gülistan Şarapowanyň wezipä bellenilendigi aýdyldy.

Soňky iki aýyň dowamynda türkmen prezidenti ýurtda dowam edýändigi aýdylýan ykdysady kynçylyklaryň fonunda, döwlet ýolbaşçylarynyň arasynda kadr çalyşmalaryny we berk käýinç, soňky duýduryş bermelerini barha ýygjamlaşdyrýar.

Mundanam başga, döwlet maslahatlarynda “wezipesinden hyýanatçylykly peýdalanyp, uly möçberde para alandygy” aýdylýan dürli wezipeli adamlar barada hem wagtal-wagtal durlup geçilýär.

Sözümiziň ahyrynda bellesek, Berdimuhamedow Lebaba eden saparynyň dowamynda welaýatda oba milli maksatnamasyny ýerine ýetirmekde-de kemçiliklere ýol berilýändigini, senagat we medeni-durmuş maksatly desgalaryň, şol sanda ýaşaýyş jaýlarynyň, mekdepleriň, çagalar baglarynyň, hassahanalaryň, ýollaryň gurluşygynyň bellenen möhletlerden gijikdirilip alnyp barylýandygyny hem belledi.

Ýene degişli makalalar

13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permanlary
Ýurdumyzyň teatrlarynda 26 29-njy oktýabrda görkeziljek sahna oýunlary
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek dabaralar
Nury Halmämmedowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli geçiriljek festiwalyň maksatnamasy belli boldy