13.11.2017 | Türkmenistanyň Prezidenti wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi

Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimleriniň hem-de hukuk goraýjy düzümleriň birnäçesiniň ýolbaşçylarynyň gatnaşmagynda göni aragatnaşyk arkaly nobatdaky wideoşekilli iş maslahatyny geçirdi.Iş maslahatynyň barşynda ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň ileri tutulýan wezipelerine, şol sanda milli özgertmeler maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere, öňde boljak şanly seneleri baýram etmäge taýýarlyk görmek boýunça çärelere, käbir resminamalaryň taslamalaryna, şeýle hem döwlet durmuşynyň beýleki möhüm meselelerine garaldy.

Hormatly Prezidentimiz wideoşekilli iş maslahatyny açyp, ilki bilen göni aragatnaşyga Aşgabat şäheriniň häkimi Ş.Durdylyýewi çagyrdy.Häkim alnyp barylýan işler, bina edilýän desgalar, paýtagtymyzy abadanlaşdyrmak we bagy-bossanlyga büremek maksatnamasynyň ýerine ýetirilişi, durmuş ulgamynyň kämilleşdirilişi barada hasabat berip, Täze ýyl baýramyna taýýarlyk görlüşi barada-da habar berdi.

Mundan başga-da, paýtagtymyzyň häkimi Aşgabatda gurmak meýilleşdirilýän desgalaryň taslamalarynyň birnäçesi barada hasabat berdi.Milli Liderimiz paýtagtymyzy ösdürmegiň nobatdaky tapgyrynyň çäklerinde bina ediljek desgalara ünsi çekip, adamlaryň öndürijilikli işlemegi we mynasyp dynç almagy üçin olarda hemme zerur şertleriň döredilmelidigini nygtady. Ýurdumyzyň baş şäheri ähli görkezijiler boýunça nusgalyk bolmalydyr.

Döwlet Baştutanymyz Aşgabady bagy-bossanlyga büremek, onuň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmak bilen baglanyşykly meseleleri yzygiderli gözegçilikde saklamak barada anyk görkezmeleri berdi.Hormatly Prezidentimiz ýanaşyk ýerleriň binagärlik keşbine degişli birnäçe düzedişleri girizip, bellikleri we teklipleri aýtdy hem-de täze desgalaryň tehniki-ykdysady esaslandyrmasynyň üstünde düýpli işlemegi tabşyrdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz olary gurmaga halkara bäsleşigini yglan etmek barada häkime tabşyryk berdi.

Hormatly Prezidentimiz Aşgabat şäheriniň häkimine degişli görkezmeleri berdi hem-de baýramçylyk dabaralaryny geçirmegiň ýokary derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.Soňra Ahal welaýatynyň häkimi T.Atahallyew sebitde häzirki işleriň ýagdaýy, milli Liderimiziň ozal beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi, möwsümleýin oba hojalyk we bagy-bossanlyga büremek işleriniň geçirilişi, sebitleri özgertmek baradaky milli maksatnamany üstünlikli ýerine ýetirmek boýunça görülýän çäreler, şol sanda ony durmuşa geçirmegiň çäklerinde bina etmeklik meýilleşdirilen desgalaryň gurluşygy barada hasabat berdi.

Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýerlerde oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak boýunça işler ýaýbaňlandyryldy.Mundan başga-da, häkim ýurdumyzda giňden bellenilýän Täze ýyl baýramyny garşylamak boýunça görülýän çäreler barada habar berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatyň obasenagat toplumynyň ösdürilmegi bilen baglanyşykly meseleleriň aýratyn wajypdygyny belläp, meýdanlarda geçirilýän agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesini üpjün etmäge degişli meselelere örän jogapkärçilikli çemeleşmelidigini tabşyrdy.Döwlet Baştutanymyz suwaryş desgalaryny zerur ýagdaýda saklamagyň möhümdigini belledi hem-de ekin meýdanlarynyň öz wagtynda suwarylmagyny we mineral dökünler bilen gurplandyrylmagyny üpjün etmegiň wajypdygyny nygtady.

Milli Liderimiz Täze ýyly garşylamaga degişli taýýarlyk işlerini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.Soňra wideoşekilli iş maslahatynda Balkan welaýatynyň häkimi S.Satlykow ýurdumyzyň günbatar sebitinde işleriň ýagdaýy, şol sanda welaýatyň ekin meýdanlarynyň ýagdaýy, mineral dökünler bilen üpjün edilişi we bagy-bossanlyga büremek işleri, ýyladyş ulgamlarynyň sazlaşykly işini üpjün etmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.

Welaýatyň ýolbaşçysy öňde boljak baýramçylyklara taýýarlyk görlüşiniň barşy barada hem habar berdi.Milli Liderimiz welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda işleriň barşyna ünsi çekip, oba hojalyk tehnikalarynyň täze möwsüme taýýarlanylmagyna aýratyn üns bermelidigini aýtdy.

Hormatly Prezidentimiz topragyň, ýetişdirilýän oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygyny artdyrmak hem-de görnüşlerini köpeltmek maksady bilen, sürlen ýerlere zerur derejede ideg edilmeginiň wajypdygyny belläp, agrotehniki çäreleriň öz wagtynda we ýokary hilli geçirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy.

Döwlet Baştutanymyz ýyladyş, elektrik energiýa we tebigy gaz bilen üpjün ediş ulgamlarynyň işlemeginiň zerur derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.Hormatly Prezidentimiz welaýatyň çäklerinde bina edilýän desgalar barada aýtmak bilen, täze gurluşyklaryň bina edilişiniň hiline hem-de öz wagtynda tabşyrylmagyna gözegçilik etmegiň wajypdygyny görkezdi.

Wideoşekilli iş maslahaty Daşoguz welaýatynyň häkimi M.Baýramgulyýewiň hasabaty bilen dowam etdi.Häkim, hususan-da, agrotehniki çäreler, ekin ýerlerinde alnyp barylýan şaly hasylynyň oragy, welaýatyň çäklerini bagy-bossanlyga büremek hem-de oba hojalyk tehnikalaryny abatlamak boýunça durmuşa geçirilýän çäreler barada hasabat berdi.

Sebitiň ýolbaşçysy welaýatda gurluşyk işleriniň barşy, ilkinji nobatda, sebitleri özgertmek baradaky milli maksatnamany amala aşyrmagyň, ýerlerde ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmak boýunça maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde ulanmaga tabşyrmak meýilleşdirilýän desgalarda işleriň barşy barada aýtdy.

Mundan başga-da, öňde boljak şanly senelere taýýarlyk görlüşi, Täze ýyly garşylamak, köpçülikleýin çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça meýilleşdirilen medeni maksatnama barada habar aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow hasabaty diňläp, sebitiň halk hojalyk toplumynyň ähli pudaklarynda işleriň depginini hem-de netijeliligini artdyrmagy tabşyrdy, şeýle hem degişli düzümleriň sazlaşykly işlemegini üpjün etmek boýunça häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmak, ýetişdirilýän önümleriň görnüşini artdyrmak işinde ýerlere ideg etmegiň wajypdygyny belläp, hormatly Prezidentimiz agrotehniki çäreleriň ýokary hil derejesinde hem-de öz wagtynda geçirilmeginiň, sebitiň çäklerinde bar bolan suwaryş ulgamlaryny zerur ýagdaýda saklamagyň möhüm wezipe bolup durýandygyny nygtady.

Döwlet Baştutanymyz tebigaty goraýyş çäreleriniň durmuşa geçirilmegine ünsi çekip, ekologiýa meseleleriniň çözülmeginde ýurdumyzyň uly orun tutýandygyny nygtady. Şol işleriň hatarynda BMG-niň Araly halas etmek baradaky ýörite maksatnamasynyň işlenip taýýarlanmagy hem-de Türkmenistanyň rotasiýa şertlerinde 2017—2019-njy ýyllarda Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna başlyklyk etmegi durýar.

Milli Liderimiz Bötendag sebitleriniň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmak maksady bilen, bag ekilişiniň depginini ýokarlandyrmagy tabşyrdy hem-de ekilen baglara göwnejaý idegi ýola goýmagy talap etdi.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow welaýatyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini maksadalaýyk gowulandyrmak boýunça çäreler barada aýdyp, döwlet syýasatynyň bu aýratyn ähmiýetli ugruna ilkinji derejede üns bermegi talap etdi.

Döwlet Baştutanymyz Täze ýyl baýramyny ýokary derejede guramagyň zerurdygyna ünsi çekip, degişli tabşyryklary berdi.Soňra Lebap welaýatynyň häkimi Ç.Çarlyýew sebitde alnyp barylýan möwsümleýin oba hojalyk çäreleri, umuman, oba hojalyk önümçiliginiň artdyrylyşy, işlenilýän ýerleriň ýokary netijeli peýdalanylyşy, şeýle hem täze meýdanlaryň özleşdirilişi hem-de melioratiw we bagy-bossanlyga büremek işleriniň barşy barada hasabat berdi.

Sebitleri özgertmek baradaky milli maksatnamany durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýaty has-da ösdürmek boýunça görülýän çäreler, oba adamlarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak, sebitiň senagat düzümini giňeltmek maksady bilen işlenip taýýarlanylan meýilnamalary durmuşa geçirmek babatda alnyp barylýan işler barada habar berildi.

Mundan başga-da, häkim welaýatyň iri gurluşyk meýdançalaryndaky işleriň, şol sanda Türkmenabat şäherinde howa menziliniň düzümleýin desgalarynyň, köprüleriň we beýlekileriň bina edilişiniň ýagdaýy barada hasabat berdi.Hormatly Prezidentimiz hasabaty diňläp, oba hojalygynda agrotehniki çäreleriň guramaçylykly geçirilmegine degişli, hususan-da, şaly hasylyny ýygnap almak boýunça işlere jogapkärli çemeleşmek boýunça birnäçe tabşyryklary berdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gündogar sebitiniň ekerançylyk ýerleriniň ýagdaýyna hem-de topragyň hasyllylygyny ýokarlandyrmaga we oba hojalygy ösdürmek üçin has oňaýly şertleri döretmäge gönükdirilen ulgamlaýyn guramaçylyk-hojalyk hem-de tehniki çäreleriň möhümdigine ünsi çekdi. Şu babatda kärendeçileriň mineral dökünler bilen üpjün edilmegine yzygiderli gözegçilik edilmeginiň, oba hojalykçy alymlaryň täze tekliplerini iş tejribesine ornaşdyrmagyň zerurdygy aýdyldy.

Hormatly Prezidentimiz ýol-ulag düzümleriniň ösdürilmegini nazara almak bilen alnyp barylýan gurluşyk we abatlaýyş işleriniň ýokary hilini üpjün etmegi talap etdi.Milli Liderimiz biziň özgertmeler maksatnamamyzyň esasy maksady adamlaryň abadan ýaşamagy, amatly durmuşy hem-de netijeli zähmet çekmegi üçin hemme şertleri döretmekden ybaratdyr diýip, bu babatda häkime birnäçe görkezmeleri berdi.

Döwlet Baştutanymyz welaýatyň ilatynyň elektrik we gaz üpjünçiligi baradaky meseläni hemişe gözegçilikde saklamagy tabşyryp, Täze ýyl baýramçylyk çäreleriniň zerur derejede geçirilmegi üçin öz wagtynda alada edilmelidigi barada görkezme berdi.

Hormatly Prezidentimiz welaýatda alnyp barylýan işleriň guralyşyna gözegçiligi gowşadandygy üçin häkime nägilelik bildirdi hem-de gysga möhletlerde kemçilikleri düzetmek boýunça çäreleri görmegi talap etdi.Wideoşekilli iş maslahatynyň barşynda işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, B.Kadyrowy Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkimi wezipesinden, I.Işankulyýewi Lebap welaýatynyň Serdarabat etrabynyň häkimi wezipesinden, M.Çaryýewi Lebap welaýatynyň Döwletli etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak hakynda Permanlara, şeýle hem işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin B.Açilowy Lebap welaýatynyň Galkynyş etrabynyň häkiminiň orunbasary wezipesinden boşatmak hakynda Karara gol çekdi.

Soňra göni wideoşekilli aragatnaşyk arkaly Mary welaýatynyň häkimi B.Annagurbanow hasabat berdi.Häkim sebitdäki işleriň ýagdaýy, oba hojalyk pudagynda amala aşyrylýan işler, ilatly ýerlere ýylylygyň hem-de elektrik energiýasynyň yzygiderli berilmegi babatda görülýän çäreler hem-de obalary özgertmek baradaky milli maksatnamanyň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.

Mundan başga-da, Täze ýyly garşylamaga taýýarlyk görlüşi barada habar aýdyldy.Hormatly Prezidentimiz tutuş ýurdumyzda bolşy ýaly, welaýatda alnyp barylýan işleriň netijeli häsiýete eýe bolmalydygyny hem-de anyk netijeleri bermelidigini nygtady.

Munuň üçin ähli düzümleriň sazlaşykly işini ýola goýmak gerek.Döwlet Baştutanymyz sebitde bina edilýän desgalaryň gurluşygynyň depginlerini güýçlendirmek boýunça zerur çäreleri görmegi tabşyryp, welaýatyň ilatyna ýylylygy, elektrik energiýasyny, tebigy gazy üznüksiz bermegi üpjün etmegiň zerurdygyny aýtdy.

Milli Liderimiz, umuman, oba hojalyk önümçiligini artdyrmagyň esasy gorlarynyň birine—ekin dolanyşygynyň düzgünleriniň, dökünleriň, tohumlaryň we önümleriň has oňaýly sazlaşygyny berjaý etmek bilen, ähli işlenilýän ýerleriň ýokary netijeli peýdalanylmalydygyna, täze meýdanlaryň özleşdirilmegine hem-de melioratiw işleriniň geçirilişine häkimiň ünsüni çekdi hem-de bu babatda tabşyryklary anyk berdi. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz welaýatda bagy-bossanlyga büremek işlerini geçirmegiň hem-de döwletiň we jemgyýetiň durmuşyndaky şanly wakalara ýokary derejede taýýarlyk görmegiň möhümdiginiň üstünde durup geçdi.

Soňra döwlet Baştutanymyz göni wideoşekilli aragatnaşyga Döwlet migrasiýa gullugynyň ýolbaşçylaryny çagyryp, guramaçylyk meselelerine garady hem-de polkownik M.Nobatowy başga işe geçmegi sebäpli, bu gullugyň başlygy wezipesinden boşatmak hem-de bu wezipä Türkmenistanyň Döwlet migrasiýa gullugynyň başlygynyň orunbasary wezipesinde işlän maýor M.Gurdowy bellemek hakynda Permanlara gol çekdi.

Wezipä täze bellenilen ýolbaşçy özüne bildirilen uly ynam üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, hormatly Prezidentimizi öňde goýlan möhüm we jogapkärli wezipeleri üstünlikli çözmek üçin ähli tagallalary etjekdigine ynandyrdy.Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow maslahaty tamamlap, oňa gatnaşanlara ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösdürmegiň, halkymyzyň abadançylygyny artdyrmagyň hem-de eziz Watanymyzy ösdürmegiň bähbidine geçirilýän işlerde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Korrupsiýa aýyplamalarynda ýene-de ençeme resmi wezipesinden boşadyldy
27.11.2017 | Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde Lebap welaýatynda döwlet maksatnamasyny amala aşyrmak meselesine seredildi
06.01.2020 | Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmenistanyň Prezidenti sanly wideoaragatnaşyk arkaly iş maslahatyny geçirdi
Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijileri yglan edildi. Olara altyn zynjyrlar we umumylykda 654 müň manada golaý möçberde pul baýraklary gowşuryldy
Türkmen diplomaty ÝUNESKO-nyň Baş edarasynda geçirilen mejlise gatnaşdy