Kosmonawtika güni bilen gutladylar

Kosmonawtika güni bilen gutladylar

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko hünär baýramy — Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny, iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Siz kosmonawtikanyň taryhynda täze sahypalary açdyňyz. Biz Siziň älem giňişligini öwrenmek we özleşdirmek işinde ýeten derejäňize buýsanýarys diýip, döwlet Baştutanymyz hatynda belledi.

Hormatly Prezidentimiz Oleg Kononenko berk jan saglyk, geljege ynam, täze açyşlar, jogapkärli işinde uly sepgitlere ýetmegi arzuw etdi.

***

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň Gahrymany, Kosmos işi boýunça Roskosmos döwlet korporasiýasynyň tälimçi-kosmonawt-synagçysy, kosmonawtlar toparynyň serkerdesi Oleg Kononenko Kosmonawtika güni mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny iberdi.

Siz abraýly hünäriň eýesi bolmak bilen, umumadamzat durmuşynyň has-da gowulanmagyna getirjek häzirki zaman ylmynyň ösüşine yzygiderli goşant goşýarsyňyz diýlip, Gahryman Arkadagymyzyň gutlag hatynda bellenilýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri kosmonawta tüýs ýürekden berk jan saglyk, gujur-gaýrat, bagtyýarlyk, syrly älemiň täze giňişliklerini öwrenmekde üstünlikleri arzuw etdi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY O.KONONENKONY KOSMONAWTIKA GÜNI BILEN GUTLADY
12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy kosmonawt Oleg Kononenko gutlag iberdi
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni bilen gutlady