Kosmonawtika güni mynasybetli Aşgabatdaky Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar

Kosmonawtika güni mynasybetli Aşgabatdaky Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar

12-nji aprelde Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölüminiň çäginde ýerleşýän (Aşgabat şäheri) kosmonawt Ýuriý Gagariniň heýkeline gül goýmak dabarasy bolar. Bu çäre kosmonawtika gününe we adamyň kosmosa uçmagynyň halkara gününe bagyşlanýar.

Dabara ýerli wagt bilen sagat 15:30-da başlar: Saparmyrat Türkmenbaşy şaýoly, 11 (1-nji seýilgähden girelge).

Çärä gatnaşmak üçin telefon arkaly öňünden hasaba alynmaly: +993 61510398 ýa-da otdel_tm@mail.ru

Ilkinji kosmos uçuşyny amala aşyran dünýäniň iň meşhur synagçy-pilotynyň ýadygärligi 2021-nji ýylyň aprelinde Russiýa Federasiýasynyň ilçihanasynyň Bilim, ylym we medeniýet bölümi tarapyndan açyldy. Bürünç ýadygärligi heýkeltaraş Alekseý Leonow ýasady. Şuňa meňzeş ýadygärlikler Gagarine dünýäniň elli töweregi şäherinde oturdylandygy bellenmäge mynasypdyr.

Sowet Soýuzynyň gahrymany Ýuriý Gagarin 1961-nji ýylyň 12-nji aprelinde kosmosda üstünlikli uçuş etdi. Şondan bäri bu gün Halkara awiasiýa we kosmonawtika güni hökmünde bellenilip geçilýär.

Gül goýmak dabarasyndan başga-da, Aşgabatda kosmonawtika gününi bellemegiň çäginde aşakdaky çäreler meýilleşdirilýär:

Ýene degişli makalalar

12-nji aprelde Türkmenistanyň esasy habarlary Turkmenportal
Türkmenistanyň Prezidenti Oleg Kononenkony Kosmonawtika güni mynasybetli gutlady
Hytaýly komonawtlar Ýeriň orbitasynda bardylar
Kosmosda iň köp bolan kosmonawt aradan çykdy
Älemde surata düşürilen film geljek ýyl prokata çykar
Kosmonawtlaryň aýak yzlary