Kosmosa çykan ilkinji arabystanly zenan

SpaceX kompaniýasynyň Falcon 9 raketasy hem-de Dragon kosmos gämisi arkaly 4 adam Halkara kosmos bekedine uçuryldy. Axiom Space hususy kompaniýasynyň amala aşyrýan syýahatynda şol toparda bar bolan Raýan Barnawi kosmosa çykan ilkinji saud arabystanyly zenan hökmünde adyny taryha ýazdyrdy.

Şeýle hem kosmosa çykanlaryň arasynda Barnawiniň ildeşi Ali al-Karni hem bar. Saud arabystanyly astronawtlar bilen bir hatarda NASA-nyň ozalky astronawty Peggi Witson hem-de işewür Jon Şoffner bu syýahata gatnaşdy.

Saud Arabystanynyň Kosmos edarasy geçen ýylyň sentýabrynda Görüş 2030 taslamasynyň çäklerinde kosmos maksatnamasynyň ýola goýlandygyny mälim edipdi. Bu maksatnamada kosmos senagatyndan peýdalanmak we bu ugurdaky ylmy işlere goldaw bermek göz öňünde tutulýar.

Astronawtlar Halkara kosmos bekedinde 8 gün bolarlar. Dürli ylmy işlere gatnaşjak saud arabystanyly astronawtlar göni ýaýlym arkaly 12 müň talyba hem sapak bererler.

Jennet Hudaýbergenowa,

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynyň talyby.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aşgabada dolanyp geldi
20.09.2017 | Milli ýygyndy toparymyzyň hasabynda 127 medal: 53—altyn, 37 kümüş, 37—bürünç medal bar
500 günlük atly ýörişe gatnaşyjylar V Aziýadanyň alawyny Aşgabada getirdiler
17.09.2017 | Aşgabat 2017 oýunlarynyň alawyny alyp gelýän atlylaryň 17-si Olimpiýa stadionyna geldiler