Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aşgabada dolanyp geldi

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Aşgabada dolanyp geldi

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Belarus Respublikasynda geçirilen mini ýaryşda ikinji orny eýeledi. Bu barada Janköýer habar berýär.

Neşiriň ýazyşy ýaly, türkmen futzalçylary dostlukly döwletde geçirilen ýaryşda ahyrky duşuşygyny Minsk topary bilen geçirip, 3:2 hasabynda üstün çykdylar. Paýtagt şäherdäki MAPID sport toplumynda geçirilen duşuşykda türkmen ýygyndysynyň gollaryny Nepesow, Hudaýbergenow we Soltanow geçirdi. Şiri Baýramdurdyýew bolsa türkmen futzalçylarynyň arasynda Iň ökde oýunçy diýlip yglan edildi.

Türkmenistanyň futzal ýygyndysy ýaryşdan soň ýurda dolanyp geldi. Bu mini ýaryş olar üçin nobatdaky tejribe mekdebine öwrüldi.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi
CAFA Futsal Cup-2023-e Türkmenistandan kimler gatnaşýar?
Futzal, Naýbaşy liga ― 2021: dördünji tapgyryň merkezi duşuşygynda hasap açylmady
Türkmenistanyň futzal ýygyndysy Merkezi Aziýanyň çempionatyndaky ikinji duşuşygyny geçirdi