Futzal, Naýbaşy liga ― 2021: dördünji tapgyryň merkezi duşuşygynda hasap açylmady

Futzal, Naýbaşy liga ― 2021: dördünji tapgyryň merkezi duşuşygynda hasap açylmady

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda dördünji tapgyryň duşuşyklary geçirildi. Bu tapgyryň merkezi duşuşygy ýaryş tertibiniň öňbaşçylarynyň arasynda geçirilip, onda “Köpetdag” bilen “Migrasiýa” toparlary 0:0 hasabynda deňme-deň oýnadylar. Bu barada TFF-niň resmi saýty habar berýär.

Bu tapgyrdan soň 10 utukdan toplan “Köpetdag” bilen “Migrasiýa” toparlary öňdäki orunlary eýelemeklerini dowam edýärler.

Naýbaşy ligasynyň 5-nji, 6-njy, 7-nji hem-de 8-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary 27-31-nji iýul aralygynda Mary şäherinde geçiriler.

Dördünji tapgyryň duşuşyklaryň netijeleri:

TNGIZT “Serhetçi” 8:3

Gollar: Rejepmämmet Ussameredow (3), Molladurdy Gylyçdurdyýew (2), Mekan Ýakubow, Jumamyrat Balkaraýew (2) (TNGIZT) Babaly Islamow, Dawutguly Dürliýew, Yklym Orazmuhammedow (“Serhetçi”)

“Milli goşun” “Gümrükçi” 6:1

Gollar: Şamuhammet Babaýew, Timur Umirow (2), Orazberdi Myradow (2), Röwşen Daňatarow (“Milli goşun”) Mekan Şamyradow (“Gümrükçi”)

“Köpetdag” “Migrasiýa” 0:0

“Senagatbank” “Deňizçi” 4:7

Gollar: Annaberdi Çaryýew, Berdiguly Meredow, Süleýman Babaýew, Yslam Çörliýew (“Senagatbank”) Maksat Soltanow, Şiri Baýramdurdyýew, Kadyrberdi Berenow (2), Alişer Hudaýbergenow (2), Danil Pançenko (“Deňizçi”)

ÝARYŞ TABLISASY:

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda Senagatbank öňde barýar
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga ― 2023: Senagatbank Deňizçiden soň Köpetdagyň hem badyny haýallatdy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy