Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi

Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi

Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky sport toplumda futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň duşuşyklary geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Futbol Federasiýasy habar berdi.

Günüň ilkinji oýnunda Senagatbank Daşoguzyň Turanyny 6:1 hasabynda ýeňlişe sezewar etdi. Mundan başga-da, turnir tablisasynyň lideri Köpetdag Gümrükçini 8:4 hasabynda utan bolsa, häzirki çempion Deňizçi TNGIZT-den 4:1 hasabynda üstün çykdy.

Şeýlelikde, Köpetdag ikinji orundaky topar bilen aratapawudy artdyrdy. Häzirki wagtda ýurduň geçen ýylky çempiony Köpetdagyň hasabynda 32, Deňizçiniň hasabynda 28, Senagatbankda bolsa 23 utuk bar.

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy