2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawyna badalga berildi

2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawyna badalga berildi

Mary welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň Mary şäheriniň 1-nji sport mekdebiniň sport toplumynda 2026-njy ýylyň Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň deslapky tapgyrynyň ikinji aýlawy 4-nji tapgyr duşuşyklary bilen başlandy. Şu ýyl çempionlyk ugrunda sekiz toparyň bäsleşýändigini ýatladýarys.

Olaryň üçüsi Köpetdag, Senagatbank we Migrasiýa toparlary Aşgabat şäherine, ikisi Deňizçi we Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumy (TNGIZT) toparlary Balkan welaýatyna, galan üçüsi Farap, Gümrükçi we Nesil toparlary Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.

Deslapky tapgyrda gatnaşyjylar iki topara bölündi.A toparçada Köpetdag, Farap, Senagatbank we Gümrükçi toparlary , B toparçada bolsa Deňizçi, Nesil, Migrasiýa we TNGIZT toparlary çykyş edýär. Ýaryşyň düzgünnamasyna laýyklykda, birinji tapgyrda toparlar öz toparçalarynda iki aýlaw boýunça duşuşarlar.

Birinji aýlawyň duşuşyklary Lebap welaýatynda geçirildi.Netijede, A toparçada häzirki çempion Köpetdag topary üç duşuşygyň hemmesinde ýeňiş gazandy, B toparçada bolsa Deňizçi, Migrasiýa we TNGIZT toparlary 6 utuk bilen öňdeligi paýlaşdylar.

Deslapky tapgyryň netijeleri boýunça her toparçadan iň gowy iki topar gönüden-göni final tapgyryna çykar.Galan toparlar bolsa 5 6-njy orunlar ugrunda goşmaça ýaryşarlar we şol ýerlerden hem final tapgyryna gatnaşjak toparlar kesgitlener. Şeýlelikde, final tapgyry güýzde alty toparyň gatnaşmagynda dört aýlaw boýunça geçiriler we onuň netijesinde Türkmenistanyň futzal boýunça 2026-njy ýylyň çempiony belli bolar.

Ikinji aýlawyň birinji oýun gününde A toparçanyň toparlary meýdança çykdy.Birinji duşuşykda Köpetdag topary Farap toparyny 16:1 hasabynda uly hasap bilen ýeňdi.Beýleki duşuşykda bolsa Senagatbank Gümrükçi toparyndan 8:6 hasabynda üstün çykdy.

Bu duşuşyklardan soň Köpetdag 12 utuk bilen öňdeligini has-da berkitdi.Ikinji we üçünji orunlary 6 utuk bilen Senagatbank hem-de Migrasiýa toparlary paýlaşýar. Ýaryş sanawynyň iň soňunda bolsa heniz utuk gazanyp bilmedik Farap topary ýerleşýär.

B toparçada Deňizçi toparynyň futzalçylary Nesil toparyny ynamly görnüşde 5:0 hasabynda ýeňdi.Migrasiýa bolsa TNGIZT toparyndan birinji aýlawdaky ýeňlişini ýerine salyp, 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.Dört tapgyrdan soň bu toparçada Migrasiýa bilen Deňizçi toparlary 9 utuk bilen öňdeligi paýlaşýar.

Ondan soňky orunlarda TNGIZT (6 utuk) we heniz utuk gazanyp bilmedik Nesil topary ýerleşýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň futzal toparlary 2026-njy ýylyň baş baýragy ugrundaky göreşe başladylar
Futzal boýunça 2026-njy ýyldaky Türkmenistanyň Naýbaşy ligasyny Köpetdag topary ýeňiş bilen başlady
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy