Futzal boýunça 2026-njy ýylyň esasy milli ýaryşy Türkmenistanyň Naýbaşy ligasy Türkmenabatda geçen iki duşuşyk bilen başlandy. Çempion ady ugrundaky bäsleşige sekiz topar gatnaşýar.Olaryň üçüsi Köpetdag, Senagatbank we Migrasiýa toparlary Aşgabada, ikisi Deňizçi we TNGIZT toparlary Balkan welaýatyna, galan üçüsi, ýagny Farap, Gümrükçi we Nesil toparlary bolsa Lebap welaýatyna wekilçilik edýär.
Deslapky tapgyrda bäsdeşler iki toparça bölünen.A toparçada Köpetdag, Farap, Senagatbank we Gümrükçi toparlary, B toparçada bolsa Deňizçi, Nesil, Migrasiýa we TNGIZT toparlary çykyş edýär. Ýaryşyň düzgünlerine laýyklykda, toparlar birinji tapgyrda toparçalarda iki aýlaw oýnarlar.
Bu tapgyryň duşuşyklary Lebap we Mary welaýatlarynda geçer.Deslapky tapgyryň netijeleri boýunça her toparçadan iki sany iň gowy topar gös-göni jemleýji aýlawa çykar.Galan toparlar bolsa 5-nji we 6-njy orunlar ugrunda goşmaça ýaryşda bäsleşerler.
Bu olara jemleýji tapgyrdaky bäsdeşler bilen birleşmäge mümkinçilik berer. Şeýlelikde, jemleýji aýlaw, alty toparyň gatnaşmagynda güýzde dört aýlawda geçer.Onuň netijesine görä-de, futzal boýunça Türkmenistanyň 2026-njy ýyldaky çempiony kesgitlener. Ýaryşyň ilkinji gününde Lebap welaýatynyň bedenterbiýe we sport baradaky Baş müdirliginiň 10-njy sport mekdebiniň meýdançasyna B toparçadaky toparlar çykdylar.
Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Naýbaşy ligasynyň açylyş duşuşygynda geçen ýylky milli Birinjiligiň kümüş baýragyny alan Deňizçi topary Nesil toparyny 7:1, TNGIZT bolsa Migrasiýa toparyny 7:5 hasabynda ynamly utdular.
Indiki duşuşyklar A toparçada bolar.Bu ýerde ilkinji bolup, Köpetdag we Farap toparlarynyň futzalçylary meýdança çykarlar, ondan soň Senagatbank bilen Gümrükçi toparlary öz aralarynda oýnarlar. Ýatladýarys.Geçen ýylky Birinjiligiň netijeleri boýunça, Köpetdag topary bäşinji gezek Türkmenistanyň futzal boýunça çempiony bolupdy. Özi-de soňky dört gezekde ýurdumyzyň Naýbaşy ligasynyň çäginde.
Kümüş medal Deňizçi toparyna, bürünç medal bolsa bu ýyl Naýbaşy liga gatnaşmaýan Ahal toparyna miýesser bolupdy. 2025-nji ýylyň iň gowy futzalçysy diýlip, Aşgabadyň Köpetdag toparynyň hüjümçisi Gurbangeldi Sähedow, iň köp gol salan oýunçy diýlip bolsa onuň topardaşy Mülkaman Annagulyýew ykrar edildi.
Iň gowy tälimçi diýlip Ahal toparynyň halypasy Ahmet Kerwenow, iň gowy derwezeçi diýlip Deňizçi toparynyň derwezebany Rahymberdi Halmämmedow ykrar edildi.Geçen futzal möwsüminiň iň gowy emini hökmünde Mekan Toýlyýewiň ady agzaldy.
Fair Play baýragy bolsa TNGIZT toparçasyna ýetdi.
