Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler

Şu gün futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynda 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler. Liganyň täze möwsümine Daşoguz şäherinde badalga berlendigini ýatladýarys.

Günüň ilkinji duşuşygy sagat 10-da başlanar. Bu duşuşykda Köpetdag bilen Turan güýç synanyşar. Yzda galan iki tapgyrdan soň Köpetdagyň 6, Turanyň bolsa 1 utugy bar.

Iki tapgyrda 6 utuk ýygnamagy başaran başga bir topar ― Senagatbank sagat 12-de başlanjak duşuşykda geçen tapgyrda Köpetdagdan asgyn gelen Deňizçi bilen güýç synanyşar. Ýaryş tertibiniň häzirki ýagdaýyny nazarda tutup, bu duşuşygy tapgyryň oýny hökmünde häsiýetlendirip bileris.

Sagat 14-de Gümrükçi bilen Migrasiýanyň arasyndaky duşuşyk başlanar. Gümrükçi hem täze möwsüme üstünlikli başlap, ilkinji iki duşuşykda utuk ýitirmedik toparlaryň biri. Migrasiýa bolsa möwsümde heniz utuk gazanyp görenok.

Günüň duşuşyklary öýlän sagat 16-da başlanjak TNGIZT ― Milli goşun duşuşygy bilen tamamlanar. Bu jübütleriň ilkinji wekili geçen tapgyrda ilkinji utugyny gazanan bolsa, Milli goşunda heniz utuk ýok.

3-nji tapgyrdan soň çempionat Aşgabat şäherine göçüriler. 4-nji tapgyryp duşuşyklary 26-njy aprelde geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi bassyr ikinji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy