Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi

Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasyna badalga berildi

5-nji iýulda geçirilen duşuşyklaryň dördüsi bilen ýurdumyzyň futzal çempionatyna (Naýbaşy ligasy) badalga berildi. Ýeri gelende bellesek, futzal ligasynyň 1-nji, 2-nji, 3-nji hem-de 4-nji tapgyrlarynyň duşuşyklary paýtagtymyzda geçiriler ― diýip, Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň resmi saýty habar berýär.

Ýurdumyzyň futzal çempionatynyň toparlaryň 8-siniň gatnaşmagynda geçirilýändigini ýatladýarys.

Dört aýlawdan ybarat bolan Naýbaşy futzal ligasynyň duşuşyklary Aşgabat, Mary, Türkmenbaşy hem-de Daşoguz şäherlerinde geçiriler. Futzal ligasynyň jemleýji tapgyry 6-njy noýabrda geçiriler.

Birinji tapgyryň duşuşyklarynyň netijeleri:

“Köpetdag” TNGIZT 6:0

Gollar: Geldimuhammet Aşyrlyýew, Allaýar Gaýybow, Mülkaman Annagulyýew (3), Ramiz Gasanow (TNGIZT, öz derwezesine) (“Köpetdag”)

“Senagatbank” “Milli goşun” 2:2

Gollar: Rahatmyrat Nepesow, Sapar Annamyradow (“Milli goşun”, öz derwezesine) (“Senagatbank”) Şamuhammet Babaýew, Remezanaly Ataýew (“Milli goşun”)

“Deňizçi” “Serhetçi” 19:4

Gollar: Nepesmyrat Lallakow, Maksat Soltanow (2), Şiri Baýramdurdyýew (2), Gylyçmyrat Gylyçmyradow (3), Kadyberdi Berenow (2), Danil Pançenko (2), Alişer Hudaýbergenow (3), Yklym Orazmuhammedow (“Serhetçi, öz derwezesine), Allamyrat Kurbanow, Kerwen Annaorazow, Toýly Halmyradow (“Deňizçi”) Babaly Islamow (2), Kuwwat Soltanow, Annamyrat Ýazzyýew (“Serhetçi”)

“Migrasiýa” “Gümrükçi” 3:2

Gollar: Abdylla Gurbannepesow, Abdylla Nursähedow, Akmyrat Durdyýew (“Migrasiýa”) Nepesgeldi Ataýew (2) (“Gümrükçi”)

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 31 ýyllyk baýramy mynasybetli döwlet sylaglary bilen sylaglamak hakynda
Ýylyň ahyrynda Daşoguz welaýatynyň iň güýçli agyr atletikaçylary kesgitlenildi
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy