Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy

Futzal, Naýbaşy liga: Deňizçi çempionlyk ýaryşynda ýene ýara aldy

Türkmenistanyň Futbol federasiýasy futzal boýunça Naýbaşy liganyň 10-njy tapgyrynyň duşuşyklarynyň geçirilendigini habar berdi.

Tapgyrda ýaryşyň kerwenbaşysy Köpetdag Daşoguzyň Turanyny 16:2 hasabynda ýeňip, utugyny 28-e çykardy. Bu duşuşykdan soňra Köpetdag Naýbaşy liganyň şu möwsüminde 60 gol geçiren ilkinji topar boldy. 2 utukly Turan bolsa ýaryşyň ýedinji basgançagynda.

Köpetdag bilen gyzgalaňly çempionlyk ýaryşyna giren Deňizçi tapgyrda maksadyna barýan ýolda agyr ýara aldy. Topar Senagatbankdan 1:2 hasabynda ýeňildi. Şeýlelikde, 22 utukda galan Deňizçi bilen Köpetdagyň utuk tapawudy 6 utuga göterildi. Utugyny 19-a çykaran Senagatbank bolsa Deňizçi bilen aralygy 3 utuga çenli ýygryp, kümüş medal üçin göreşe goşuldy.

Gümrükçi tapgyrda Migrasiýany 4:1 hasabynda ýeňip, utugyny 17-ä çykardy. Migrasiýa bolsa 9 utukda galdy.

Ýene degişli makalalar

Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: 3-nji tapgyryň duşuşyklary geçiriler
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Daşoguzdaky duşuşyklar tamamlandy
Awazada futzal boýunça Türkmenistanyň Naýbaşy ligasynyň 12-nji tapgyrynyň oýunlary geçirildi
Futzal, Naýbaşy liga: 12 golly duşuşykda Köpetdag uly hasap bilen ýeňiş gazandy
Naýbaşy futzal ligasy ― 2023: Senagatbank bassyr ikinji ýeňşini gazandy
Futzal, Naýbaşy liga: Köpetdag ýene ikinji orna düşdi