Kosmosda Gün paneli gurlar

Täzelenýän energiýa pudagyna has köp maýa goýum gönükdirýän Ýaponiýa 2025-nji ýyla çenli kosmos giňişliginde energiýa öndürmek maksady bilen Gün panelini gurar. Ýurduň Kosmos Agentligi (JAXA) tarapyndan berlen beýanatda bu taslamanyň üstünde birnäçe ýyldan bäri işlenilýändigi mälim edildi.

Agentlik taslamanyň çäklerinde 2015-nji ýylda 50 metrden gysga aralyga 1,8 kilowat elektrik energiýasyny geçirmegi başarypdy.Indi bolsa ýapon hünärmenleri onlarça kilometr uzaklykda öndürilen elektrik energiýasyny Ýere akdyrmagyň aladasyny edýärler.

Taslamanyň durmuşa geçirilmegine hususy pudak hem goldaw berer.

Kýoto uniwersitetiniň ylmy işgäri, professor Naoki Şinoharanyň ýolbaşçylyk edýän topary 2009-njy ýyldan bäri kosmosda Günden energiýa almagyň usulyny gözleýär. Taslamanyň çäklerinde kosmosa kiçi göwrümli birnäçe orbita ýerleşdiriler. Bu emeli hemralar ýygnan elektrik energiýasyny Ýerdäki beketlere iberer.

Aýna MERDANOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyby.

Ýene degişli makalalar

Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
“Space X”-iň astronawtlary halkara kosmos bekedine bardylar
Dört astronawt Halkara kosmos bekedine iberildi
Ýollarymyzyň abatlygy ömrümiziň rahatlygy
Çagalaryň saglygy baradaky alada bagtyýar geljegiň binýady
Ýaponiýanyň Epsilon raketasy orbita çykyp bilmedi we ýok edildi