Portugaliýaly hüjümçi Kriştianu Ronaldu iňlis “Mançester Ýunaýted” toparynyň düzüminde ýedilik belgili futbolkada oýnar. Bu barada klubuň metbugat gullugy habar berýär.
Portugaliýaly oýunçy Mançesteriň topary üçin 2003-nji ýyldan 2009-njy ýyla çenli çykyş etdi, şonda-da ol ýedilik belgide oýnapdy. Ronaldunyň gelmezinden öň bu belgi urugwaýly oýunçy Edinson Kawanä degişlidi. Hüjümçi 21-lik belgini aldy. “Mançester Ýunaýted” üçin ýedilik belgili futbolkada Jorj Best, Braýan Robson, Erik Kantona, Dewid Bekhem, Andreý Kançelskis ýaly futbolçylar oýnady.
27-nji awgustda “Mançester Ýunaýted” 36 ýaşly portugaliýaly hüjümçiniň geçmegi barada “Ýuwentus” bilen ylalaşyk gazanylandygyny habar berdi. Ronaldu bilen şertnama ýene bir möhlete uzaltmak mümkinçiligi bilen iki ýyla niýetlenýär.
