Kristofer Nolan Başlangyç filminiň jemlemesini düşündirdi

Kristofer Nolan Başlangyç filminiň jemlemesini düşündirdi

Görnükli režissýor Kristofer Nolan Happy Sad Confused internet neşirine beren interwýusynda Leonardo DiKaprionyň baş keşbi janlandyran Başlangyç filminiň soňuny düşündirmekde asgynjaňlyk çekýändigini boýun aldy diýip, Gazeta.ru ýazýar.

Meniň pikirimçe, filmiň soňlanmasyny iň gowy düşündiren Emma (Nolanyň aýaly) boldy. Jemleýji sahnanyň manysy: DiKaprionyň gahrymanynyň indi hiç zat parhyna däl diýip, režissýor gürrüň berdi.

Nolanyň pikiriçe, DiKaprionyň gahrymany öz çagalarynyň arasyna dolananda ähli zat tamamlandy. Ol ahyry öz bagtyny tapdy.

Režissýor öz filmleriniň jemlemesini tomaşaçylaryň uzak ýyllar ara alyp maslahatlaşýandyklarynyň özüne ýaraýandygyny sözüniň üstüne goşdy.

Başlangyç filmi 2010-njy ýylda ekranlara çykdy. Ol IMDb wersiýasy boýunça 250 sany iň gowy filmiň arasynda ilkinji 20-lige girýär.

Ýene degişli makalalar

Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi
Oppengeýmer iň oňat film hökmünde Oskar baýragyna mynasyp boldy
Ýylyň garaşylýan filmleri
Şu ýylyň garaşylýan esasy kinolary
Nolanyň täze awtobiografik trilleri “Oppenhaýmer”
Tom Kruz Top Gan: Mewerik üçin 100 mln dollar alar. Beýleki aktýorlar näçe gazanýarkalar?