Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi

Tehnologiýa dünýäsiniň iň uly ylham çeşmeleriniň biri, şübhesiz kino film industriýasydyr. Şu günki gün hem ýakyn wagtlaryň ylmy fantastikalary, ylym hakykatlara öwrülmäge dowam edýär. Kristofer Nolan tarapyndan ýazylan Inception (Başlangyç) filmi onuň soňky mysaly bolup biler.

TRT TSR-nyň Hormatly diňleýjileri. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa, Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi atly temanyň üstünde durup geçmek isleýäris.

Filmiň temasy ýadyňyzda bolsa gerek. Leonardo Dikaprio tarapyndan ýerine ýetirilen Kobb keşbi gaty zehinli ogrydy.

Emma ogurlyk edýän ýeri bank hem däl, muzeý hem däl, dükän hem däl.

Akylyň iň goragsyz mahaly ýagny, adamlaryň düýş görýän pursadynda, olaryň aňasty aňyndan maglumatlary ogurlaýar.

Emma tejribesini görkezmek üçin zerur bolan zat bu gezek, bir pikiri ýa-da maglumaty ogurlamak dälde, täze bir pikiri ýerleşdirmek we pikirlerini üýtgetmekdi.

Bu film nädip hakykata öwrülip biler?

MIT uniwersitediniň amala aşyran işleri ylham çeşmesi boldy

Ol MIT, Garward we Monreal uniwersitetlerinden 3 ylmy işgär tarapyndan ýazylan makaly bilen gün tertibe geldi.

MIT uniwersitediniň adamlaryň düýşüni döwüp açmak we ýatan adamlar bilen aragatnaşyga geçmek üçin bir enjamyň üstünde işleýändigi bilinýär.

Emma şol işler düýş görmegiň öwrenmäge nähili täsir ýetirýändigine göz ýetirmek, trawmalardan soň stres bozulmalarynyň sebäp bolan garabasmalara has gowy göz ýetirmek we olary bejergi etmek maksady bilen amala aşyrylýar.

Bolmanda berilýän “resmi beýannamalar” şolar ýaly görnüşde.

Mahabat kärhanalary şol işlere ýakyndan gözegçilik edýär

Makalany ýazan adamlaryň ikisi MIT uniwersitedi tarapyndan dizaýn edilen şol enjamyň önümçiligine gatnaşýan toparda iş alyp barýar.

Ünsleri özüne çekýän tarap bolsa marketing kompaniýalarynyň düýş inženerçiligine bolan gyzyklanmasy.

Kompaniýalaryň uky we düýş garakçylygy usuly bilen satyn almak endiklerini üýtgetmegiň we ugrukdyrmagyň täze ýollaryny açyk ýagdaýda synagdan geçirýändigi aýdylýar.

Ýagny düýşüň mazmunyny üýtgetmek üçin adamlaryň ukydan ozal ýa-da ukyda bolan mahaly täsir edijileriň ulanylmagy bilen, söwda we bähbit maksatly ulanylyp biliner.

Onuň nähili ediljekdigi bilen bagly jikme-jik ýagdýada entek anyklanmady. Emma marketing kompaniýalarynyň düýş inženerçiligine bolan gyzyklanmasy örän alada döretjek derejededigi bilinýär.

Hünärmenler ABŞ-da mahabatlary düzgünleşdirýän Federal Sarp ediji komissiýa çagyryş berdiler: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi edil şu wagtdan eýýäm gadagan edilmegi islendi.

Arzuw-hyýal ýa-da düýş garakçylygynyň nähili derejede hakyky bir hünäre öwrüljekdigini eýýäm şu wagtda kesgitlemek kyn.

Emma filmler tehnologiýanyň iň güýçli öňdengörüjileri bolmagyny dowam etdirer.

Habar çeşmesi: TRT Haber

Hormatly diňleýjiler. Bilesigelijiniň Bellikleri atly gepleşigimiziň bu günki sanynda bolsa, Mahabat dünýäsiniň täze bazary: Arzuw-hyýal ýa-da düýş inženerçiligi atly temanyň üstünde durup geçdik.

Ýene degişli makalalar

Durnuklylyk uniwersitetleriň bäsdeşlik ugurlarynyň birine öwrülýär
Howanyň üýtgemegi sebäpli dünýädäki her 12 hassahananyň biri ýapylmak howpunyň astyndadyr
Emeli intellekt tarapyndan goldanýan täze sungat hereketi: Ganizm
Edilmeli işleri yza süýşürmek ýönekeý bir ýaltalykmy ýa-da özboluşly keselmi?
ChatGPT: Kömekçimi ýa-da howpmy?
Ýüzlerçe alym gol ýygnady: Emeli intellekti duruzyň