Kubanyň Döwlet baştutany genoside garşy işe girişmek üçin çagyryş berdi

Kubanyň Döwlet baştutany genoside garşy işe girişmek üçin çagyryş berdi

Kubanyň Döwlet baştutany Migel Dias Kanel sosial media hasaby X-den Ysraýylyň hüjümlerinde ýogalan palestinaly asuda ilatyň suratlaryny paýlaşdy.

Kubanyň Döwlet baştutany beýanatynda: "Dünýä genoside garşy tiz wagtda işe girişmelidir. Palestinanyň halkyna garşy edilen zorluk, diňe nasistleriň II Jahan urşundaky ýewreýlere garşy edenleri bilen deňeşdirip bolar. Bu ýagdaýa sezewar galan halkyň, başga bir ýerde şol bir hereketi etmegi rehimsiz gapma-garşylykdyr" diýip habar berdi.

Migel Dias Kanel 29-njy dekabrda beren beýanatynda: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyna edýän wagşyçylygy indi bes edilmelidir" diýip aýdypdy.

Hamasyň harby şahasy Kassam topary 7-nji oktýabrda "Aksa tupany" ady bilen giň gerimli hüjümler başladandygyny habar beripdi.

Ysraýyl oňa jogap hökmünde harby uçarlary bilen Gaza sektoryna garşy "Demir Gylyçlar" atly operasiýa başladandygyny mälim edipdi.

Başdan geçirilýän dartgynlykda häzirki wagta çenli aglabasy çaga bolan 22 müňe golaç çaga ýogaldy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
Kubanyň Döwlet baştutany Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerine reaksiýa bildirdi
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Kubanyň Prezidenti Türkiýede Saparda Bolýar