Kubanyň Döwlet baştutany Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerine reaksiýa bildirdi

Kubanyň Döwlet baştutany Ysraýylyň Gaza garşy hüjümlerine reaksiýa bildirdi

Kubanyň Döwlet baştutany Migel Dias Kanel sosial media hasaby X-den beren beýanatynda, Ysraýylyň hüjümleri bilen haraba öwrülen Gazanyň suratlaryny eýerijileri bilen paýlaşdy.

Kubanyň Döwlet baştutany Migel Dias Kanel: "Ysraýylyň Palestinanyň halkyna garşy edýän wagşylygy indi bes edilmeli. Bu adamzat üçin utanç günüdir we halkara hukugy üçin agyr şikesdir" diýip belledi.

Migel Dias Kanel 26-njy dekabrda beren beýanatynda hem, Ysraýylyň Gazada dowam hüjümlerine berk reaksiýa bildirip: "Kuba Palestina üçin hemişe sesini gataldar we bolup geçýän wakalara hiç wagt biperwaý galmaz" diýip aýdypdy.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidenti Ýeňiş baýramy mynasybetli Moskwada geçirilýän harby ýörişe gatnaşdy
Kubanyň Döwlet baştutany genoside garşy işe girişmek üçin çagyryş berdi
Türkmenistanyň Prezidenti Moskwada Näbelli esgeriň ýadygärligine gül goýdy
Türkmenistanyň Prezidentiniň Moskwada geçiriljek dabaraly harby ýörişe gatnaşmagyna garaşylýar
TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ MOSKWADA GEÇIRILJEK DABARALY HARBY ÝÖRIŞE GATNAŞMAGYNA GARAŞYLÝAR
Kubadaky partlamada ýogalan adamlaryň sany artdy