Kümüş Ýüpek HJ Aşgabatda haly dükanyny açdy

Kümüş Ýüpek HJ Aşgabatda haly dükanyny açdy

Aşgabatda Lebap welaýatynyň Halaç etrabynyň haly kärhanasy bolan Kümüş Ýüpek hojalyk jemgyýetiniň haly önümler dükany açyldy.

Bu ýerde özboluşly haly önümleriniň hiline baha berip bilýän haly muşdaklarynyň dykgatyna halaçly halyçylaryň ýüňden we ýüpekden taýýarlaýan ajaýyp halylary hödürlenýär. Aýratyn-da, häzirki wagtda dükandaky haly önümleriniň köpüsi 30%-den 50%-e çenli arzan bahadan ýetirilýär.

Halajyň Kümüş Ýüpek HJ-niň fabriginde islendik ölçeglerdäki we dürli hili ýerlere ýazmaga niýetlenen halylar — myhman otagy we çagalar otagy üçin niýetlenen halylar, halyçalar, haly torbalary hem-de namazlyklar ýaly haly önümleri dokalýar.

Kümüş Ýüpek hojalyk jemgyýetiniň haly dükany Aşgabadyň Oguzkent myhmanhanasynyň 1-nji gatynda ýerleşýär (Haly dükany).

Habarlaşmak üçin telefon belgileri: (+993 61) 58 56 94, (+993 64) 95 43 99. Sosial media ulgamyndaky sahypasy.

Şeýle-de okaň:

Ýene degişli makalalar

Kümüş Ýüpek dükanynda haly we haly önümlerine 50% arzanladyş dowam edýär
Kümüş Ýüpek haly kärhanasy önümlerine 50%-e çenli arzanladyş yglan edýär
Kümüş Ýüpek dükanynda halylaryň ähli görnüşine arzanladyş yglan edildi
Türkmen "bagtyýarlygynyň" aýallara ýetýän bölejigi bilermeniň pikiri
Türkmenistan 9 Maý Ýeňiş baýramyny rus propagandasynyň simwolikasy astynda belledi
Berdimuhamedow: Nesip bolsa, Türkmenistan Türki Döwletler Guramasyna hakyky agza bolar