Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler

Kuraş boýunça dünýä çempionaty baradaky habarlar Ýer ýüzüniň 1,5 miliard adamyna ýetiriler

Dünýä metbugatynyň ABU, Warziş (Täjigistan), TRT (Türkiýe), MIR24 (Russiýa), AVN, Euronews, AIPS (Halkara sport metbugaty assosiasiýasy) ýaly wekilleri Aşgabatda geçirilýän Kuraş boýunça dünýä çempionatyny Ýer ýüzüne wagyz etmek boýunça türkmeistanly kärdeşleri bilen hyzmatdaşlyk ederler.

Kuraş boýunça Halkara assosiasiýanyň metbugat kätibi Jamşid Namozowyň gürrüň bermegine görä, Ýer ýüzüniň 40 döwletine degişli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 130-a golaýynda Aşgabatdaky sport baýramçylygy beýan ediler.

Tele we radio ýaýlymlar, Internet saýtlary we gazetler arkaly çempionat baradaky dürli habarlar, wideogörnüşler we beýlekiler Ýer ýüzüniň ýaşaýjylarynyň 1,5 milliardyna ýetiriler.

Dünýä çempionatyny beýan etmek üçin diňe Özbegistanyň özünden Sport TV we Uzbekistan 24 teleýaýlymlary we Aniq.uz, Olamsport ýaly habarlar saýtlary gatnaşýar.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
AŞGABATDA GEÇIRILJEK HALKARA HOKKEÝ ÝARYŞYNA BAGYŞLANAN MEDIAFORUM
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: Jahan Muhammedowa kümüş medala mynasyp boldy
Kuraş 2023: Türkmenistan bäşinji kümşüni, Gazagystan ilkinji altynyny gazandy