Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatyna bagyşlanan metbugat forumy geçirildi

Şu gün Aşgabat şäherindäki “Sport” myhmanhanasynda Kuraş boýunça XIV Dünýä çempionatyna bagyşlanan media forumy geçirildi.Aşgabatda geçirilýän dünýä çempionatyna bagyşlanan bu media foruma Halkara Kuraş federasiýasynyň ýolbaşçysy Haýdar Ferman, Halkara Kuraş Assosiasiýasynyň Baş sekretary Muhammet Reza Nassiri, Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew, şeýle hem ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdy.

Halkara Kuraş federasiýasynyň ýolbaşçysy Haýdar Ferman media forumynda eden çykyşynda Türkmenistandaky dünýä çempionatynyň ähli görkezijiler boýunça şu wagta çenli geçirilen kuraş boýunça dünýä çempionatlaryň arasynda iň abraýlysy boljakdygyny belledi.

Ol Aşgabadyň bu iri halkara sport ýaryşyny guramaga doly taýýardygyny belläp, diňe bir kuraş däl, eýsem dürli derejedäki halkara sport ýaryşlaryny guramak üçin Türkmenistanyň ähli mümkinçiliklere eýedigini belledi.

Haýdar Ferman Türkmenistandaky dünýä çempionatyna 53-den gowrak döwletden 243-den gowrak türgeniň gatnaşýandygyny belläp, bu görkezijiniň mundan ozal Hindistanda geçirilen dünýä çempionatyndan görnetin köpdügini belledi.

Türkmenistanyň dünýä çempionaty üçin ähli zerur şertleri döredendigini bellän Haýdar Ferman munuň üçin Türkmenistanyň Prezidentine özüniň hoşallygyny bildirdi.

Haýdar Ferman kuraş sportunyň dünýäde çalt depginde ösýändigini belläp, bu sport höwes bildirýänleriň sanynyň Aziýa, Afrika, Ýewropa we Amerika yklymynda yzygiderli artýandygyny belledi. Şeýle hem ol kuraş sportuny Okeaniýa ýurtlarynda hem giňden wagyz etmek ugrunda tagalla edilýändigini belläp geçdi.

Media forumda çykyş eden Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komitetiniň başlygynyň orunbasary Annasähet Kakaýew dünýä çempionatyny ýerli we daşary ýurt metbugat neşirlerinde giňden wagyz etmek üçin ähli mümkinçilikleriň döredilendigini belledi.

Ol dünýä çempionatynyň Aşgabatda geçiriljekdigi baradaky wideofilmleriň taýýarlanyp, Aziýa-Ýuwaş ummany teleradioýaýlymlar birleşigi, “Euronews”, “Mir 24” ýaly dünýäniň abraýly köp sanly tele we metbugat serişdelerinde ýaýlyma berlendigini belledi.

Şeýle hem ol Aşgabatda geçiriljek dünýä çempionatynyň ýaryşlarynyň ýurdumyzyň we dünýäniň köp sanly ýurdunyň teleýaýlymlarynda göni ýaýlymda alnyp beriljekdigini belledi.

Çempionatyň ýaryşlary bolsa 27-28-nji noýabr günlerinde geçiriler. Dünýä çempionatynyň tutluşyklaryny göni ýaýlymda üç dilde — türkmen, rus we iňlis dillerinde teswirlemek meýilleşdirilýär.

Şu gezekki dünýä çempionatynda ýaryşlar agram derejeleriniň 15-si boýunça geçiriler. Her agram derejesinde 1 altyn, 1 kümüş we 2 bürünç medal gowşurylar. Şeýlelikde, baýrakly orunlaryň jemi 60-sy bolar.

Şu gün agşam Olimpiýa şäherjigindäki Başa-baş söweş sungaty spor toplumynda Kuraş boýunça XIV dünýä çempionatynyň açylyş dabarasy geçiriler. Tutluşyklar 27-28-nji noýabrda Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda geçiriler.

Ýene degişli makalalar

Aşgabatda Kuraş boýunça dünýä çempionatynyň jemlerine bagyşlanan mediaforum geçirildi
"Galkan" hokkeý toparyny sylaglamak dabarasyna gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidentine Ýüzlenme kabul etdiler
Türkmenistanly türgenlerden Dinara Rozykulowa, Mariýa Lohowa altyn medalyň eýeleri boldular
Kuraş boýunça geçirilen dünýä çempionatynda türkmen türgenleri 15 medal gazandylar
Türkmenistan 5 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medal gazandy
Kuraş 2023: WEPA AWLÝAKULYÝEW DÜNÝÄ ÇEMPIONY!
Kuraş 2023: SABINA KADYROWA 16 ÝAŞDA DÜNÝÄ ÇEMPIONY!