Kurtulmuş Bakuda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen duşuşdy

Kurtulmuş Bakuda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Gafarowa bilen duşuşdy

Türkiyäniň Beýik Millet Mejlisiniň (TBMM) başlygy Numan Kurtulmuş Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Bileleşiginiň (YHG-ÝB) 20-nji konferensiýasynyň çäklerinde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuda Azerbaýjanyň Milli Mejlisiniň başlygy Sahiba Gafarowa bilen duşuşdy.

Haýdar Aliýew Medeniýet merkezinde geçirilen duşuşykda Şuşa Jarnamasyna laýyklykda iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy ähli ugurlarda pugtalandyrmaga ygrarlylyk nygtaldy.

Kurtulmuş Gafarowany Indoneziýadan YHG-PB-yň başlyklygyny öz üstüne almagy bilen gutlady we 20-nji YHG-PB maslahatynyň netijeli geçmegine umyt bildirdi.

Ýene degişli makalalar

"Biziň Janymyz Gazaly Çagalaryň Janyndan Süýji Däl”
“Gaza, soň bolsa paýtagtymyz Iýerusalime giderin”
“Palestinaly Doganlarymyzyň Iru-Giç Ýeňiş Gazanjakdygyna Ynanýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
30-njy awgust Ýeňiş baýramy bilen bagly dabaralar dowam edýär