Kuşadasyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müňden gowrak syýahatçy geldi

Kuşadasyna 4 kruiz gämisi bilen 8 müňden gowrak syýahatçy geldi

Kuşadasy Ege Port deňiz menziline Bagamanyň baýdaklaryny göterýän "Silver Spirit" we "Odyssey Of The Seas", Fransiýanyň baýdagyny göterýän "Club Med 2" we Gollandiýanyň baýdagyny göterýän "Oosterdam" atly kruiz gämileri geldi.

Kruiz gämilerinden düşen syýahatçylar tur awtobuslary bilen Izmir welaýatynyň Selçuk etrabyndaky gadymy Efes şäheri bilen Merýem Enäniň öýüne syýahat etdiler. Tura gatnaşmadyk syýahatçylar bolsa şäheriň merkezinde gezelenç etdiler.

Aglabasy ABŞ-nyň we Beýik Britaniýanyň raýatlary bolan syýahatçylary daşaýan gämileriň mundan soňky duralgasy Gresiýa bolar.

Ýene degişli makalalar

Energetikada Merkezi Ýurt: Türkiye
Kuşadasyna "Nieuw Statendam" atly kruiz gämisi geldi
Aprel Aýynda Eksport 0,1 Göterim Artyp 19 Milliard 272 Million Dollara Barabar Boldy
Türkmenistan we Hytaý täze ýük howa gatnawyny açdylar, Ýerewan döwlet uniwersitetinde Magtymguly barada sapak geçmek meýilleşdirilýär, Lebap welaýatynda 8 sany umumybilim berýän orta mekdep ulanylmaga berler we beýleki habarlar
Russiýa Türkiýä Ýangyn Söndüriji Uçarlaryny Ugratdy
Demokratiýa we Milli jebislik güni ýurduň çar tarapynda bellenilip geçildi