Russiýa Türkiýä Ýangyn Söndüriji Uçarlaryny Ugratdy

Russiýa Türkiýä Ýangyn Söndüriji Uçarlaryny Ugratdy

Russiýanyň Adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginden berilen beýannamada Russiýanyň Prezindenti Wladimir Putiniň görkezmesine we türk tarapynyň talabyna laýyklykda Rostow şäherindäki Plotow howa menzilinden ministrlige degişli 2 sany amfibiýa ýangyn söndüriji uçarynyň ugradylandygy habar berildi.

Uçarlaryň Mugla we Izmir welaýatlaryndaky ýangynlaryň söndürilmegine gatnaşjakdygy beýan edilip; “Russiýanyň adatdan daşary ýagdaýlar ministrliginiň awiasiýa topary agyr şertlerde işlemäge taýýar. Be-200 kysymly uçarlar ýangynlary kesgitlemek üçin ýeriň ýüzüniň wideo ýazgylaryny alýan ultra mämişi termal kameralar bilen üpjün edilen” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ýerli raketa synaglarynyň Gresiýany gorkuzandygyny belledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mawy Baýdakly Plýažlaryň Sany Gün Saýyn Köpelýär
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
“Gara Deňiz Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi Uzadylyp Bilner”
Kanoe Ýaryşlary Muglada Başlady