KWK kompaniýasynyň piton derisinden taýýarlaýan aýakgaplary we beýleki önümleri

KWK kompaniýasynyň piton derisinden taýýarlaýan aýakgaplary we beýleki önümleri

Türkmenistanyň ýokary hilli aýakgaplary öndürýän KWK kompaniýasy TurkmenTextile Expo 2026 atly halkara sergi-ýarmarkasynda öz önümleri bilen tanyşdyrdy.Hususy kärhananyň wekilleriniň bellemegine görä, kompaniýa erkekler, zenanlar we çagalar üçin elde tikilýän aýakgaplary hem-de dürli görnüşli önümleri öndürýär. Önümlerde piton, krokodil, gäwmiş, düýeguş ýaly ekzotik deri görnüşleri ulanylýar. Önümleriň hatarynda ýeňil köwüşler, nusgawy aýakgaplar, şeýle hem italýan zamşasy we beýleki ýokary hilli önümler bilen utgaşdyrylan görnüşler bar.

Kompaniýamyz 1996-njy ýyldan bäri işleýär, haryt nyşanymyz bolsa 2017-nji ýylda resmi taýdan hasaba alyndy diýip, KWK kompaniýasynyň wekili Alirahman Kerimow gürrüň berýär Önümleriň görnüşlerinde ýokary hilli tebigy materiallardan öndürilen aýakgaplar, guşaklar, torbalar, şeýle hem 40 gradusa çenli sowuga çydamly köwüşleriň rezinden edilen aşaklary girýär.

Tebigy deriden taýýarlanylýan her bir jübüt aýakgap gaýtalanmajak tebigy nagyşlara eýedir. Şeýle material örän ýumşak bolup, aýagyň görnüşine tiz uýgunlaşýar we dogry ideg edilende 1015 ýyldan hem köp hyzmat edip bilýär. Ýokary hil derejeli deri ele alnanda ýakymly bolup, özboluşly ekzotik öwüşgin bilen tapawutlanýar.

Kompaniýa aýratyn sargytlar boýunça önüm öndürmäge ýöriteleşendir.Munuň özi müşderileriň isleglerine laýyklykda özboluşly önümleri taýýarlamaga mümkinçilik berýär.Hususan-da, atçylyk sporty üçin niýetlenen aýakgaplara uly isleg bildirilýär. Önümlere bir ýyl kepillik berilýär.

Kepillik hyzmatlaryna himiki arassalama we dikeldiş işleri hem girýär.Häzirki wagtda kärhana Türkmenistanda öz ornuny pugtalandyrýar we geljekde Russiýanyň bazaryna çykmagy meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

Zaha Hadid Architects global dizaýn garaýyşlaryny Ak şäherim Aşgabat maslahatyna getirýär
Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň PERMANY
Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda Türkmenistanyň Prezidentiniň KARARY
Türkiýäniň wiza operatory “Mosaic Visa” Aşgabatda täze edarasyny açdy
Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze gözýetimleri
Çalık Enerji kompaniýasy Ak şäherim Aşgabat 2026 atly halkara sergisiniň we maslahatynyň baş hyzmatdaşy bolar