“La Liste” ýylyň iň gowy restoranlaryny saýlady

Parižde dünýäniň iň abraýly gastronomik baýraklarynyň biri bolan “La Liste” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.Bu ýyl iň gowy 1000 edaranyň sanawynda 10 restoran birinji orny eýeledi.

Pariždäki “Guy Savoy” ýene-de reýtingde birinji orny eýeledi.Onuň bilen birlikde Nýu-Ýorkdaky, Germaniýadaky, Gonkongdaky, Bazeldäki, Tokiodaky, Hildsburgdaky (ABŞ), Bruzaportodaky (Italiýa) Lasarte-Oriadaky (Ispaniýa) we Makaodaky meşhur restoranlar birinji orny paýlaşdy.

Hemmesi 100 baldan 99,5 bal aldy.

“Time Out” žurnalynyň belleýşi ýaly, ýeňijileriň bu sany tötänleýin däl: şu ýyl “La Liste” öz 10 ýyllygyny belleýär. “La Liste” 2015-nji ýylda Fransiýa hökümetiniň başlangyjy bilen esaslandyryldy. Ol “Michelin” gollanmasyna we “The World’s 50 Best Restaurants” sanawyna alternatiwa hökmünde göz öňünde tutuldy.

Ýene degişli makalalar

Näme üçin liftiň içinde aýna goýulýar?
Döwlet gullukçylarynyň mümkinçiligini ýokarlandyrmaga bagyşlanan okuwlar tapgyry geçirildi
Madrid derbisine Marçiniak eminlik eder
Italiýaly pianinoçy Roberto Prosseda Aşgabatda konsert berdi
Stambulda Berdimuhamedowa garşy listowka peýda boldy