Italiýaly pianinoçy Roberto Prosseda Aşgabatda konsert berdi

Joakino Rossininiň ”Itlaýan gözeli Alžirde” operasynyň uç-gyraksyz ummanyň dury tolkunlarynyň şemalyny ýada salýan Uwertýurasy aşgabatly saz muşdaklaryny özüne maýyl etdi.Ony Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwler simfoniki orkestriniň sazandalary ýerine ýetirdiler.

Magtymguly adyndaky Sazly-drama teatrynyň sahnasynda berlen italiýaly kompozirtor Nino Rotanyň ýogalan gününiň 40 ýyllygyna bagyşlanan konsert şeýle ajap saz bilen başlandy.Agşamy Italiýanyň Türkmenistandaky Ilçihansay we ýurdumyzyň Medeniýet ministrligi guradylar.

Dessine: “ Konsert Nino Rota bagyşlanan bolsa, onda näme üçin ol Rossininiň eseri bilen açyldyka?” diýen sowal ýüze çykýar.Sebäbi Joakino Rossininiň ”Itlaýan gözeli Alžirde” operasynyň Uwertýurasy Nino Rotanyň halaýan sazlarynyň biri eken. “Başbozarlaryň baştutany” filmine saz ýazan kompozitoryň beýleki bir söwer eseri Gwido Alberti Fanonyň Andante - allegro con Fuoco sazydy.

Nino Rota şondan ylham alypdyr...Italiýadan gelen myhman Roberto Prossedany tomaşaçylar el çarpmalar bilen garşy aldylar.Tanymal pianinoçy roýalyň başyna geçip, türkmen sazandalary bilen bilelikde Fanonyň hyjuw-joşguna ýugrulan sazyny çaldy.

Konsertde Nino Rotanyň eserleriniň ikisi ýaňlandy.Olaryň birinjisi 5 bölümden ybarat “Agşam” eserini tomaşaçylar ilkinji gezek diňlän bolsa, ikinjisi onlarça ýyl bäri diňleýjileriň söýgüli eserleriniň biri bola “Başbozarlaryň baştutany” filmine sazdy.

Roberto Prosseda ussat sazandalaryň biri.Onuň çalýan Mosartyň, Şopeniň, Şumanyň, Mendelsonyň eserleri kärine ussatlaryň ýokary bahasyna mynasyp boldy, tutuş dünýäde meşhurlyk gazanan albomlarda çykdy.Ol 2011-nji ýylda pedally fortepianoda ilkinji gezek çykyş etdi, şondan soň kompozitorlaryň birnäçesi şol saz guralynda çalmak üçin eserler döredip ugradylar.

Bu ussat pianinoçy “Fortepiano” kitabynyň we Şopene, Liste we Mendelsona bagyşlanan dokumental filmeriň üçüsiniň awtorydyr.Saz agşamynyň ahyrynda Rejep Rejebowyň hem-de Aman Agajykowyň urulyp çalynýan saz gurallary we orkestr üçin Konsertini Türkmenistanyň Döwlet simfoniki orkestri ussatlarça ýerine ýetirdi.

Tomaşaçylaryň el çarpmagynda sahna Roberto Prosseda bilen Resul Gylyjow çykýaralr.Olar el gysyşyp, birek-birege minnetdarlyk bildirdiler, ol türkmen-italýan medenýetleriniň gatnaşyklarynyň özboluşly nyşany boldy.Biziň bilen söhbetdeşlikde Roberto Prosseda türkmen paýtatyna gelip görenligine begenýändigini we hakyky saz muşdaklarynyň talabyny inçelik bilen duýýan ýaz sazandalar bilen bilelikde çykyş etmekden lezzet alandygyny belledi. “Bu ýurtda ildeşim Nino Rotanyň döredijligine belet we ony söýýän adamlaryň bardygyny bilmegiňem belli bahasy ýok ahyry.

Men türkmen kompozitorlarynyň tembrlere baý, ýürege ýakyn we özboluşly sazlaryna haýran galdym” diýip myhman gürrüň berdi.

Ýene degişli makalalar

De Bruýne, Hazar, Lukaku, Kurtua Belgiýanyň düzümi mälim edildi
Ýeňiş güni mynasybetli dabaraly çäre
Ýewropa nusgawy aýdym-sazlary, rus ýarmarkasy we türkmen dessany sazlaşykly ýaňlandy
16-njy maýda Türkmenistanyň esasy habarlary
Metanyň täze köp dilli emeli intellekti: SeamlessM4T
Aşgabatdaky robot ýaryşlary we dünýädäki emeli intellekt aljyraňňylygy’