Puşkin adyndaky teatrda nusgawy eseriň premýerasy boldy

A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatrynda Anton Pawlowiç Çehowyň Çarlak pýesasy esasynda goýlan oýnuň premýerasy boldy. Şeýle çylşyrymly dramaturgiýa eserini sahnalaşdyrmaga ýürek eden döredijlik topary hormata mynasyp, çünki ony diňe ajaýyp oýnamasaň, bar tagallaň puja çykýar.

Türkmenistanyň at gazanan artisti Aşyrmuhammet Rahmanowyň ýolbaşçylyk edýän topary bu kyn wezipä hötde gelipdir.Waka Russiýanyň çet künjeginde garyp düşen intelligentleriň arasynda bolup geçýär.Aktrisa Irina Arkadinanyň ogly Konstantin Treplýow myhmanlary özüniň ilkinji pýesasynyň sahnalaşdyrylyşy bilen tanyşdyrýar.

Sahnada Gün ýaşyp barýan çagy kölüň özüne bendileýji görnüşi.Töweregindäkileriň baryny özüne tabyn edýän hökümli Irina Arkadina keserli sözleri bilen birnäçe gezek Nina Zareçnaýanyň oýnuny saklaýar.Muňa gaharlanan Konstantin oýny bes edýär... Çehowyň Çarlak eserinde jogapdan sowal kän.

Sowal entek onuň žanryny kesgitlemekden başlanýar.Näme üçin oňa tragediýa däl-de, komediýa diýlipdir, ýogsa arzuwlaryň alamaty bolan çarlak atyldy ahyryn, pýesanyň ahyryna çenli gahrymanlaryň hiç birem bagtly bolmaýar-da, olaryň ykbaly kejine tutýar.

Pýesanyň özenem şunda-da.Ol seni oýlandyrýar we gahrymanlaryň hereketleriniň yşaratlar bilen garyşyp gidýändiýi barada pikir döredýär. Çarlak eseriniň gülkünç ýeri onuň ýordumynda däl-de, gahrymanlarynyň şahsyýetiniň özgermeginde.

Anton Pawlowiç Çehow gahrymanlaryna at berenden eýýäm olary häsiýetlendiripdir.Konstantin Treplýow boş arzuwly, göçgünli, hiç zat elinden gelmeýän ýa-da hiç kimi bagtly edip bilmejek ýigit, ol Nina Zareçnaýa aşyk, onuň özüni bolsa, iş dolandyryjynyň gyzy Maşa gowy görýär.

Onuň daýysy Pýotr Sorin hem ýaş döwri maşgala gurmagy, ýazarlygy arzuw edipdir, emma bitiren goşy bolmandyr.Aslynda Konstantin Treplýow oýnuň soňky sahnasynda özüni atmadyk bolsa, onuňam ykbaly daýysynyňky ýaly bolardy.

Boris Trigorin sypaýy intelligent adam, zehinli edebiýatçy, ýöne geniý däl, familiýasy bolsa, bir tarapdan onuň derejesini üç daga çenli göterse, başga bir tarapdan, üç gamyň derejesine çenli peseldýär.Ol aslynda üç dag bilen üç hasratyň arasynda galan adam.

Boris Trigorin gujurly, hökümli Arkadinanyň ýanynda özüni hossarly ýaly duýýar.Belli edebiýatçy görmegeý adam, şol sebäplem Nina Zareçnaýanyň oňa aşyk bolmagy geňem däl.Atylan çarlagy görenden ol hekaýasyna ýordum üçin şeýle bellik edýär hamala, kölüň kenarynda owadan gyz ýaşaýar, ony bir gezek gören awçy jenanyň bagtyna boran ýagdyrýar.

Trigorin özi hem aňmazdan özüniň we Ninanyň geljegini gören ýaly bolýar.Oba mugallymy Medwedenko, familiýasyndan çen tutsaň, sada, gödegräk adam, ol aýaly Maşanyň henizem Konstantin Treplýowa aşykdygyndan bihabar.

Işi şowlaýan, gedem, öz familaýasyna laýyk bagt ýurdunda ýaşaýan Irina Arkadina bu gamgyn adamlara garşy goýlupdyr.Arkadina kimdir birine, hat-da ogludyr doganyna hem kömek bermeýär, baryňy özge bilen paýlaşmak oňa ýat zat.

Ol diňe özüni bilýär.Arkadinanyň keşbini Türkmenistanyň at gazanan artisti Swetlana Troiskaýa ussatlaça ýerine ýetirýär.Aktýor Swýatoslaw Lawine Boris Trigoriniň çylşyrymly keşbini şowly döretmek başardypdyr.Türkmenistanyň at gazanan artisti Anatoliý Spiridonow Çehowyň eseriniň gahrymany, häsiýeti ýumşak, gojalygy inisiniň ýanynda geçýän, baryp ýatan betbagt Pýotr Soriniň keşbini döretmek üçin tanalmaz derejede üýtgemeli bolupdyr.

Konstantin Treplýowyň keşbi, pýesada iň çylşyrymlysy bolsa gerek.Gahrymanyny ýiti häsiýet bilen baýlaşdyran aktýor Stanislaw Troiskiniň yhlasy ýerine düşüpdir. Ömrüni tragifarsa öwren Nina Zareçnaýanyň keşbini Aýna Jumaýewa döredipdir. -Çehowyň Çarlak pýesasyny saýlap almagymyz diňe bir döredijilik toparymyz üçin däl, eýsem tomaşaçylar üçin-de synaga barabardyr.

Döwürdeşlerimize ýoluny ýitiren arzuwçyllaryň ýaşan şol döwri gyzykly bolarmyka?Ine, şeýle pikir bizi premýeradan öň alada goýupdy, indi tomaşaçylaryň oňa gowy baha berendigi bizi begendirdi diýip režisýor Aşyrmuhammet Rahmanow gürrüň berýär.

Ýene degişli makalalar

Berdimuhamedow Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli köp sanly watandaşlaryna döwlet sylaglaryny berdi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna atly Türkmenistanyň ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda Permany
"Awaza" syýahatçylara ýapylan mahaly, prezident zolagyň häkimini eýeleýän wezipesinden boşatdy
“Bakjaly” HK öz işini giňeldýär
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç
A.S. Puşkin adyndaky teatr barada monologlar: sahnanyň aňrysyna gezelenç