Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär

Latwiýa Türkmenistan bilen ulag hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmak isleýär

Latwiýa Türkmenistan bilen ulag pudagynda hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmaga gyzyklanma bildirýär diýip, “Trend” habarlar agentligi duşenbe güni habar berdi.

Latwiýa howa ulagyny, howa menzilleriň dolandyryşyny, awtoulag daşamalaryny ösdürmek pudaklarynda hyzmatdaşlyk etmegi we demir ýollaryň hereket edýän düzümlerine tehniki hyzmatlary bermekde bilelikde iş alyp barmagy Türkmenistan bilen gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary hökmünde kesgitledi.

“Latwiýa deňiz portlaryny özgertmek, şeýle hem howa menzilleriniň işgärlerini okatmak bilen bagly tejrbelerini paýlaşmaga taýýar. Biziň pikirimizçe, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň arasynda ygtybarly we netijeli ulag geçlegesini ösdürmek örän zerur. Şonuň üçin-de, bu ugurda Latwiýa we Türkmenistan wajyp ähmiýetli orny eýeläp biler” diýip, Latwiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

Şu ýylyň awgust aýynda Belgiýanyň “Challenge Airlines” awiakompaniýasy Türkmenistana ilkinji howa ýük gatnawyny amala aşyrdy. Şonda awiakompaniýanyň ýük uçary Aşgabadyň Halkara howa menziline gondy.

Ýene degişli makalalar

Dostlukly Zähmet dermanhanasy Aşgabadyň 15-nji tapgyrynyň ýaşaýjylaryna mugt eltip bermek hyzmatyny hödürleýär
Türkmenistanyň Döwlet etalon merkezi 10 ýylyň dowamynda metrologiýa pudagynda ep-esli üstünlik gazandy
Türkmenistan mart — awgust aýlarynda Özbegistandan 331 tonna sogan satyn aldy
Türkiye-Latwiýa duşuşygy Konýada geçiriler
Daşary Işler Ministri Fidan Nýu-Ýorkda Möhüm Duşuşyklar Geçirdi
Türkmen filmleri XV Halkara Ýüpek ýolunyň merjen dänesi film festiwalyna gatnaşdyrylar