Türkmenistan mart — awgust aýlarynda Özbegistandan 331 tonna sogan satyn aldy

Türkmenistan mart — awgust aýlarynda Özbegistandan 331 tonna sogan satyn aldy

Türkmenistan 2023-nji ýylyň mart — awgust aýlarynda özbek soganyny import etmekde 13-nji basgançakdan ýer aldy. Bu barada Özbegistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Statistika agentligi habar berýär.

Çeşmede bellenilişine görä, hasabat döwründe Türkmenistan goňşy ýurtdan jemi 331 tonna sogany import etdi.Netijede bu ugurda 347 tonna özbek soganyny satyn alan Estoniýadan soňra 13-nji basgançakdan orun aldy. Özbegistandan sogan import etmekde öňdäki bäşlige bolsa Gazagystan (136,6 müň tonna), Russiýa Federasiýasy (77,9 müň tonna), Gyrgyzystan (8,6 müň tonna), Belarus (5 müň tonna) hem-de Latwiýa (4,9 müň tonna) giripdir.

Ýeri gelende bellesek, şu ýylyň mart — awgust aýlarynyň dowamynda Özbegistan jemi 241,4 müň tonna sogany daşarky bazarlara eksport etdi. Eksport edilen soganyň umumy bahasy bolsa 46,3 million amerikan dollaryna deň boldy. Şeýlelikde, bu görkeziji geçen ýylyň degişli döwründäkiden 54 göterim ýokarlandy.

Ozal habar berşimiz ýaly, 2023-nji ýylyň ýanwar — awgust aýlarynda Türkmenistan bilen Özbegistanyň arasyndaky özara söwda dolanyşygy ýarym milliard amerikan dollaryndan gowrak boldy.

Ýene degişli makalalar

Özbegistan dokma önümlerini 52 ýurda eksport etdi
Çempionlar Ligasynyň 1-nji saýlama tapgyrynyň 1-nji oýunlary
“Ferenswaroşyň” garaşylmadyk ýeňlişi we Çerçesow wezipesinden boşadyldy
Taryhynda 1 gezek ýeňiş gazanan topar
Saud Arabystanynda Russiýa-Ukraina krizisi maslahaty geçirildi
Üç ýurt rus belgili ulaglaryň ýurtlaryna girmeklerine gadagançylyk girizdi
Türkmen filmleri XV Halkara Ýüpek ýolunyň merjen dänesi film festiwalyna gatnaşdyrylar