Taryhynda 1 gezek ýeňiş gazanan topar

Dünýäde futbol boýunça erkekleriň arasynda 200-den gowrak milli ýygyndy topar bar. Şolaryň käbirleri güýçli ýygyndylar bolsa, käbirleri diňe sandan ybarat.Esasan hem futbolyň öňdebaryjy yklymy hasaplanýan UEFA-nyň 55 agzasynyň 6-7 sanysy (wagtal-wagtal 8-9-a çykýar) San Marino, Lýuksemburg, Malta, Lihtenşteýn, Andorra, Farer adalary, Gibraltar juda gowşak ýygyndylar hasaplanýar. Şol ýygyndylaryň arasynda entek resmi duşuşyklarda ýeňiş gazanyp görmedigi hem bar. Şol ýygyndy San Marinonyň milli ýygyndysy bolup, olar taryhda diňe bir gezek, olam ýoldaşlyk duşuşygynda ýeňiş gazanmagy başarýar.

Italiýanyň çäginde ýerleşýän San Marino döwletiniň tutýan meýdany 61,2 inedördül kilometre deň bolup, ýurtda adaty kiçeňräk bir stadiona sygyp biläýjek ilat, ýagny 33 müň 600 adam ýaşaýar.

Iki görkeziji babatda dünýäniň kiçi ýurtlarynyň hatarynda görkezilýän San Marinonyň futbol ýygyndysy şonça kiçi hasaplanýar. 1931-nji ýylda esaslandyrylan ýurduň futbol federasiýasy 1988-nji ýylda hem FIFA-nyň, hem-de UEFA-nyň agzasy bolýar.

RESMI DUŞUŞYKLARDA ÝEŇŞI ÝOK

Häzirki wagtda FIFA-nyň reýtinginde iň soňky, ýagny 211-nji orunda barýan San Marinonyň ýygyndysy şu wagta çenli 198 resmi hem-de ýoldaşlyk duşuşygyny geçirdi. 1992-nji ýyldan bäri Ýewropa çempionatynyň, 1994-nji ýyldan bäri bolsa Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrlaryna gatnaşyp gelýän San Marinonyň ýygyndysy 2 ýaryşyň hersinde 76 oýun oýnady.

Olara oýnalan şol 152 duşuşykda ýeke gezek hem ýeňiş gazanmak başartmady.Hatda topar bary-ýogy 3 gezek deňme-deň oýnady.Galan 149 duşuşykda-da ýeňlişe sezewar bolan San Marinonyň ýygyndysy Dünýä Kubogynyň saýlama tapgyrynda diňe 2 duşuşykda utuk gazandy. 1993-nji ýylda öz meýdançasynda Türkiýe bilen 0-0 oýnan San Marino 2001-nji ýylda-da myhmançylykda Latwiýa bilen deňme-deň oýnady (1-1). Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynda-da Estoniýa bilen öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnapdy.

Topar soňky ýyllarda UEFA-nyň täze bäsleşigi Milletler Ligasyna (“D” Liga) wekilçilik edýär.Olaryň şol ýerde-de 14 oýunda 2 deňligi, 12 ýeňlişi bar. Ýogsam bu ligada San Marinonyň ýygyndysy özi ýaly ýygyndylar bilen çykyş edýär. 2020-nji ýylda Gibraltar bilen myhmançylykda, Lihtenşteýn bilenem öz meýdançasynda golsuz deňme-deň oýnan San Marinonyň ähli resmi duşuşyklarda bar gazanany 5 deňme-deňlik.

Ilkinji duşuşygyny 1986-njy ýylda Kanadanyň U-23 ýygyndysy bilen geçiren San Marinonyň ýygyndysy bu resmi däl oýnunda 1-0 hasabynda asgyn gelýär. Resmi ilkinji duşuşygy 1990-njy ýylda Şweýsariýa bilen geçiren San Marino bu oýunda 4-0 hasabynda utulýar.

ILKINJI TARYHY ÝEŇIŞ

San Marinonyň ýygyndysy üçin ýeňiş gazanmak taryhy waka bolup, olar bu duýgyny diňe 1 gezek başdan geçirdiler.Deňme-deňlik, hatda golly deňlik olar üçin ullakan baýramçylyk hasaplanýar.

Gol geçiren futblolçy üçinem şol gün ýatdan çykmajak pursatlaryň biri bolýar.Munuň tersine San Marinodan gol geçirden ýa-da San Marino bilen deňme-deň oýnan ýygyndylar üçin welin, şol gün otrisatel manyda ýatdan çykmajak günleriň birine öwrülýär.

Toparyň iň uly hasaply ýeňlişi 2006-njy ýylda Germaniýa bilen geçirilen duşuşykda hasaba alnyp, şonda San Marino öz meýdançasynda 13-0 hasabynda ýeňilýär.San Marinonyň şu wagta çenli gazanan ýeke-täk ýeňşi bolsa, 2004-nji ýylyň 28-nji aprelinde hasaba alynýar. Şol gün öz meýdançasynda Lihtenşteýniň ýygyndysyny kabul eden San Marino Endi Selwanyň 50-nji minutdaky goly bilen 1-0 hasabynda taryhy ýeňiş gazanýar.

San Marinonyň ýygyndysy şu wagta çenli 198 oýunda 1 gezek ýeňiş gazanyp, 8 sapar deňme-deň oýnaýar. 189 duşuşykda-da ýeňlişe sezewar bolýar. Diňe Lihtenşteýn bilen 2 gezek deňme-deň oýnan San Marinonyň Estoniýadyr Gibraltaryň, Türkiýäniň, Latwiýanyň, şol sanda Sent-Lýusiniň hem-de Seýşell adalarynyň ýygyndylary bilen 1 deňligi bar.

San Marinonyň ýygyndysy iň köp Polşadyr Angliýadan (10 oýun), Belgiýadan, Moldowadan hem-de Şotlandiýadan (8) utulýar.

San Marinonyň ýygyndysy 198 oýunda 28 gol geçirip, 811 gol geçirdýär.Aglaba 6-0, 7-0 hasaplar bilen utulýan toparyň 10-dan köp gol geçirden duşuşyklary-da az däl.

San Marinonyň ýygyndysy 48-si UEFA-nyň wekili, jemi 51 ýygyndy bilen resmi-ýoldaşlyk duşuşygyny geçirýär. Ýewropadan daşgary diňe 3 ýygyndy KONKAKAF-yň wekili Sent-Lýusiniň (1 duşuşyk), Afrika yklymyna degişli Kabo Werdeniň (1 duşuşyk) hem-de Seýşell adalarynyň (2 duşuşyk) ýygyndylary bilen duşuşýar.

IŇ NETIJELI FUTBOLÇYSYNYŇ 8 GOLY BAR

San Marinonyň ýygyndysynda iň köp duşuşyk geçiren futbolçy 2007-nji ýyldan bäri çykyş edip gelýän toparyň kapitany Matteo Witaioli bolup, ol 85 duşuşykda meýdança çykdy.Endi Selwi bilen Mirko Palazziniň 73 duşuşygy bar.

Iň köp gol geçiren futbolçysy bolsa 1998-2016-njy ýyllarda çykyş eden Endi Selwidir.Italiýanyň “Padowa”, “Sassuolo”, “Werona” ýaly klublarynyň köýnekçelerini geýen we bu klublarda ençeme gol geçiren Selwi milli toparda 8 gezek tapawutlandy. 2-nji ýerdäki Manuel Maraniniň bolsa 2 goly bar.

Fabrizio Kostantininiň tälim berýän San Marinonyň ýygyndysy öz meýdançasyndaky duşuşyklaryny ýurduň demirgazygynda ýerleşýän Serrawalle şäherindäki 6 müň 664 orunlyk Olimpiýa stadionynda geçirýär.

FIFA-nyň sanawynda iň ýokary görkezijisi 118-nji orun bolan (1993-nji ýylyň sentýabrynda) San Marinonyň ýygyndysynyň iň esasy köýnekçesi açyk gök, 2-njisi goýy gök, 3-njisi açyk gök çyzykly ak reňkdäki köýnekçelerdir.

San Marinonyň çempionaty “Campionato Sammarinese” diýlip atlandyrylýar we 1985-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän çempionatda 16 klub çykyş edýär. “Tre Fiori” 8 çempionlyk gazanyp, bu ugurda öňdeligi eýeleýär. “La Floritanyň” 6, “Folgoreniň” hem-de soňky çempion “Tre Penneniň” 5 çempionlygy bar.

Futbol janköýerleri, bilermen we iň esasysy hem ähli san marinoly janköýerler ýygyndynyň taryhynda 2-nji gezek ýeňiş gazanjak günlerine ýene näçe garaşmaly bolsa-da, sabyrsyzlyk bilen garaşýarlar.

Ýene degişli makalalar

Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Täze möwsümde Çempionlar Ligasyna gatnaşjak 32 klubuň 26-sy belli
56 ýyldan soň 1 oýunda 14 gol
Niderlandlar bilen Fransiýa, Italiýa bilenem Angliýa bir toparça düşdi
20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER
DÖRT TOPAR ÝEŇLIŞSIZ BARÝAR