56 ýyldan soň 1 oýunda 14 gol

Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň B toparçasynda Fransiýanyň ýygyndysy Nissa şäherinde Gibraltaryň ýygyndysyny kabul etdi. 3-nji minutda başlan gol ýagyşy 90+1-nji minutda tamamlandy.Duşuşykda Fransiýanyň ýygyndysy 14-0 hasabynda ýeňiş gazanyp, Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrynyň çägindäki iň uly hasaply ýeňiş rekordyny goýdy. 3-nji minutda öz derwezesinden gol geçiren Santosyň 18-nji minutda-da gyzyl kart almagyndan soň fransuzlaryň işi hasam ýeňilleşdi. 4-nji minutda Turam, 16-njy minutda ilkinji gezek milli ýygyndyda oýnan Zair-Emeri 30-njy minutda Mbappe penaltiden, 34-nji minutda Kloss, 36-njy minutda Koman, 37-nji minutda Fofana tapawutlanyp, 1-nji ýarymyň netijesini kesgitlediler. 2-nji ýarymda-da 7 gol geçiren fransuzlaryň adyndan 63-nji minutda Rabio, 65-nji minutda Koman, 73-nji minutda Dembele, 74-nji we 82-nji Mbappe, 89-njy hem-de 90+1-nji minutda Žiru tapawutlandy.

Duşuşykda Mbappe 3, Koman bilen Žiru hem 2 gol geçirdi.Fransiýanyň ýygyndysy Ýewropanyň saýlama tapgyrynda iň uly hasaply ýeňiş gazanan topar bolup, olar Germaniýanyň rekordyny täzeledi.Germaniýanyň ýygyndysy San Marinony 2006-njy ýylda 13-0 ýeňipdi. Şol bir wagtyň özünde Ýewropa bir topar 56 ýyldan soň bir duşuşykda 14 gol geçirdi.

Fransiýadan öň Daniýanyň ýygyndysy 1967-nji ýylyň 23-nji awgusynda Islandiýany 14-2 ýeňipdi.

Toparçadaky beýleki oýunda-da Niderlandlar öz meýdançasynda Irlandiýany Weghorstyň ýeke-täk goly bilen 1-0 ýeňip, 11-nji gezek Ýewropa çempionatynda çykyş etmäge hukuk gazandy.

Ýene degişli makalalar

Deşam PSŽ-li ýaş oýunçyny ilkinji gezek ýygynda çagyrdy
Soňky çempion Fransiýanyň düzümi belli boldy
… we Dünýä Kubogy Messiniň ellerinde
EUR0 2020-ä badalga berildi
Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)
Benzema 6 ýyldan soň ýygynda çagyryldy, Fransiýanyň ýygyndysy mälim edildi