Portugaliýa ähli duşuşykda ýeňiş gazandy, Gibraltar gol hem geçirip bilmedi (EURO 2024-iň saýlama tapgyrynyň käbir statistikalary)

Geljek ýylyň iýun-iýul aýlarynda Germaniýada geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyry tamamlanyp, 24 ýygyndynyň 21-si belli boldy. Galan 3 ýygyndy hem geljek ýylyň mart aýynda geçiriljek pleý-off tapgyryndan soň kesgitlener.

* Saýlama tapgyryna UEFA-nyň 55 agzasynyň 53-si gatnaşyp, olar 10 toparçada çykyş etdi. Jemi 230 duşuşykda 661 gol geçirildi (ortaça 2,87 gol).

* Duşuşyklara jemi 5 million 31 müň 853 janköýer tomaşa etdi (ortaça 21 müň 878).

* 24 awtogol hasaba alnyp, olary goşmanyňda jemi 348 futbolçy tapawutlandy.

* Saýlama tapgyrynyň iň köp gol geçiren oýunçysy 14 gol bilen Romelu Lukaku boldy. Bu görkeziji Ýewropa çempionatynyň saýlama tapgyrlary üçin rekord bolup, ondan öň 1 çempionatyň saýlama tapgyrynda iň ýokary görkeziji 13 gola deňdi (Robert Lewandowski, Dewid Hili). Lukakukdan soň Kristiano Ronaldo 10, Kilian Mbappe 9, Harri Keýn 8 gol geçirip, ilkinji 4-lüge düşdüler.

* Ähli duşuşygynda ýeňiş gazanan ýeke-täk topar Portugaliýanyň ýygyndysy bolup, olar 10 duşuşykda-da garşydaşlaryndan üstün çykmagy başardy. Portugaliýanyň ýygyndysy 36 gol geçirip, 2 gol geçirtdi. Fransiýanyň, Angliýanyň, Belgiýanyň, Wengriýanyň hem-de Rumyniýanyň ýygyndylary-da saýlama tapgyryny ýeňlişsiz tamamladylar.

* Kipriň, Gibraltaryň, Maltanyň, San Marinonyň hem-de Lihteşteýniň ýygyndylary ýeke utuk hem gazanyp bilmediler. Farer adalarynyň (2 deňlik), Estoniýanyň (1 deňlik), Bolgariýanyň (4 deňlik) hem-de Andorranyň (2 deňlik) ýygyndylary-da ýeke duşuşykda hem ýeňiş gazanyp bilmediler, ýöne deňme-deň oýnap, azyndan 1 utuk gazandylar.

* Gibraltaryň ýygyndysy ýeke gol hem geçirip bilmedi. Şol bir wagtyň özünde iň köp gol geçirden topar boldy (41 gol). Lihtenşteýn 1, Malta, Estoniýa, Farer adalary 2, Kipr, Andorra, San Marino 3 gol geçirdi.

Ýene degişli makalalar

Milletler Ligasynda ýokary liga çykanlar, aşaky liga düşenler
Dünýä çempionaty ― 2022-niň UEFA boýunça saýlama duşuşyklarynyň bijeleri çekildi
Katar 2022-niň saýlama tapgyrynyň Ýewropa zolagynyň bijeleri çekildi
Katar 2022 Dünýä Kubogynyň Ýewropa saýlama tapgyrynyň torbalary belli boldy
Beýik Britaniýa karantin zerurlygy bolmazdan 12 ýurda gitmäge rugsat berer
20 TOPAR BELLI BOLDY ULY HASAPLY ÝEŇIŞLER